milli goshun logo
Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygy
Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygy
21.09.2018 2541 Türkmenistan

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soňra ýurtda bedenterbiýe we sport hereketlerini ýola goýmagyň täze usullary kemala gelip ugrady hem-de şol ugurda halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň düýp esasy goýuldy. 2007-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident wezipesine saýlanylmagy bilen döwlet gurlyşynyň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda sport ulgamynda hem özgertmeler geçirilip başlandy. Şol döwürden bäri ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. 

Şeýle syýasaty durmuşa geçirmek maksady bilen diýarymyzyň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary,  aýlawlar, sport mekdepleri we başga-da ş.m. desgalar bina edildi. Ýurdymyzda türgenlerdir hünärmenleri taýýarlamagyň täze usullary we sport oýunlaryny geçirmegiň tejribesi kämilleşdirildi, türkmen türgenleri bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp başladylar. 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri «Türkmenistan–sport» telekanaly «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» şygary astynda alnyp barylýan  bedenterbiýe we sport ugrunda gazanylan üstünlikleri beýan etmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek üçin ýaýlymda yzygiderli gepleşikleri bermegini dowam edýär.

Türkmenistanyň aýratyn howa-klimat şertlerine garap, bu ýerde sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredildi. Aşgabatda sportuň gyşky görnüşleri boýunça Sport toplumy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolsa uly göwrümli buz meýdançalaryndan ybarat bolan köpugurly sport toplumy guruldy. Ýurdumyzda hokkeý boýunça milli çempionat oýunlary indi birnäçe ýyl bäri geçirilýär, şeýle hem sportyň figuralaýyn buzda typmak we şort-trek ýaly görnüşleri ösdürilýär.

Şaýbaly hokkeý iň meşhurlaryň hatarynda, onuň çempionatlary biziň ýurdumyzda eýýäm birnäçe ýyl bäri geçirilýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndy topary halkara derejesine çykdy. Şeýdip, 2017-nji ýylda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIII Gyşky Aziýa oýunlarynda türkmen hokkeý türgenleri Hytaýyň, Malaýziýanyň we Indoneziýanyň toparlaryndan, jemleýji oýunda bolsa Gyrgyz Respublikasynyň toparyndan üstün çykyp, ýeňiş gazandylar. Türkmenistanlylaryň bu ýeňişi 2021-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty bolan Pekin şäherinde geçiriljek indiki IX Gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berdi.

Ýyl-ýyldan amala aşyrylýan özgertmeler sport ussatlygynyň ýokary derejelere çykmagyna ýardam edýär. Eger 2007-nji ýylda türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, bary-ýogy 10 medal alan bolsalar, 2016-njy ýylda ol medallaryň sany 643-e ýetdi. 2017-nji ýylda biziň sport ussatlarymyz halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň sany 776-a çenli ýokarlandy. Olardan 253 sany altyn medal, 239 sany kümüş we 284 sany bürünç medaldyr.

Bularyň ählisi «Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllar aralygynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynyň», «Obalary, şäherleri we etrapdaky şäherçeleri 2020-nji ýyla çenli döwür üçin sosial-durmuş taýdan özgertmegiň Milli Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekligiň we goldamaklygyň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi bilen mümkin boldy.

Bedenterbiýäniň we sportuň ösüşi «Bedenterbiýe we sport baradaky», «Professional sport baradaky», «Atçylyk we atçylyk sport ýaryşlary baradaky», «Döwlet ýaşlar syýasaty baradaky», «Meýletinçilik baradaky», şeýle-de «Sportda dopinge garşy göreş baradaky» Türkmenistanyň Kanunlarynda berkidilendir.

Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek maksady bilen we bütindünýä olimpiýa hereketine girişmek üçin Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň  Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň sportda doping serişdelerini ulanmaklyga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy, şeýle-de ýurtda Milli antidoping agentligi döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara giňişliginde sport ulgamynda alyp barýan syýasatyny we başlangyçlaryny öňe sürmek üçin, şeýle-de bu ugra degişli ýurduň jogapkär edaralarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň işini we hereketlerini utgaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň düzüminde Halkara sport hyzmatdaşlygy bölümi döredildi we ol bölüm Birleşen Milletler Guramasy , Birleşen Milletler Guramasynyň  Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, şeýle hem beýleki halkara we sebitleýin sport guramalary bilen sport diplomatiýasynyň mehanizmleri arkaly sporty ösdürmek meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygy düşünjesine ýokary ynsanperwer manyny goýýar we ony gönüden-göni BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kabul edilmegi bilen baglanyşdyrýar. 2017-nji ýylyň 7-8-nji aprelinde, ýagny Bütindünýä saglyk güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Aziada – 2017: halkara sport hyzmatdaşlygy agzybirlik we ösüş ugrunda» ady bilen nobatdaky halkara sport kongresi geçirildi we onuň Jemleýji jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Bosgunlaryň olimpik ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek boýunça» atly ýüzlenme kabul edildi. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde yglan etdi. 

Ikitaraplaýyn kanuny esasda 60-dan gowrak döwlet bilen sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hereketleri düzgünleşdirilýär. Bulardan başga-da, sport boýunça hyzmatdaşlyk meselesi döwlet baştutanlarynyň saparlary dowamynda kabul edilýän jarnamalarda we beýannamalarda, şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hökümetara bilelikdäki toparlaryň jemleýji resminamalarynda öz mynasyp ornuny tapýar.

Halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamynda hem-de sport diplomatiýasyny ösdürmek boýunça esasy möhüm ugurlaryň biri dünýä ýüzüne türkmen milli göreşini yzygider ýaýratmak bolup durýar. 2015-nji ýyldan başlap Bütindünýä göreş federasiýasynyň ştab-kwartirasy Aşgabatda öz işine başlady. Şeýle federasiýalar 20-den gowrak döwletde hereket edýär. 2017-nji ýylda Ýewropa, Afrika we Günorta Amerikanyň yklym federasiýalary döredildi we türkmen milli göreşi boýunça Ýewropanyň we Afrikanyň çempionatlary geçirildi. Türkmen milli göreşini dünýä ýaýratmak ugrundaky işler häzirki wagtda hem dowam edýär.

Sport hereketiniň ösdürmekligiň 10 ýylynyň we Türkmenistan tarapyndan halkara sport hyzmatdaşlygynyň doly döredilmeginiň iň ýokary derejesi Aşgabatda 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda, «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygary astynda geçirilen iň uly we wekilçilikli Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary boldy. Onda türgenleriň 6000-den gowragy sportyň 21 görnüşi boýunça ýaryşdylar, bäsleşikleriň dowamynda dünýäniň 82 ýurdundan 550-den gowrak žurnalist işledi. Paýtagta 35 müňden gowrak daşary ýurtly myhmanlar gelip, olaryň arasynda döwlet ýolbaşçylary, hökümet we parlament ýolbaşçylary, onlarça döwletleriň ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de abraýly syýasy we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar. «Aşgabat 2017–niň» aýratyn tarapy ol hem, 45 sany Aziýa döwletleri bilen bir hatarda Okeaniýanyň 19 döwletinden (dünýä döwletleriniň üçden biri)  we bosgunlaryň sport topary hem şeýle derejedäki bäsleşige ilkinji gezek gatnaşdylar.

Oýunlarda Türkmenistanyň milli topary üstünlikli çykyş etdi. Bäsleşigiň ilkinji gününden başlap ahyryna çenli türkmen türgenleri öňdeligi elde sakladylar we umulykda 245 sany medala, olardan 89 gyzyl, 70 kümüş we 86 bürünç  medala mynasyp boldular. Ikinji orna Hytaý Halk Respublikasynyň türgenleri mynasyp bolup, 97 medal gazandylar, olardan 42 gyzyl, 32 kümüş, 23 bürünç medaldyr. Baýrakçylaryň üçlügine Eýran türgenleri hem girip, olar 118 medal gazanyp, olaryň içinden 36 altyn, 23 kümüş, 59 bürünç medaldyr.

Bäsleşikler Aşgabatda oýunlar üçin ýörite gurulan, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk  we umumylykda bahasy 5 mlrd. amerikan dollaryna barabar bolan Olimpiýa şäherçesinde geçirildi. Şäherçede 40–dan gowrak dürli desgalar gurulyp, olaryň ikisi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, bu Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda ýerleşdirilen atyň dünýäde iň uly çeper–monumental şekili we dünýäde üsti ýapyk iň uly sportuň suw görnüşleriniň toplumydyr. Bütin sport toplumy, şeýle-de onuň aýratyn bölümleri häzirki zaman ülüňlerine laýyk gelip, islendik halkara derejesindäki bäsleşikleri geçirmeklige ukyplydyr.

Türkmenistanyň Daşary syýasy ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda ýurduň halkara olimpiýa hereketine integrasiýasy we doly hukukly goşulmagy göz öňünde tutulandyr. Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek bilen Türkmenistan halkara derejesindäki şeýle uly sport çäresini geçirmäge we halkara sport bileleşiklerini özüne çekmäge ukyply bolan ýurtlaryň hataryna goşuldy. Muny nazara almak bilen, ýakyn geljekde Türkmenistanda geçiriljek halkara derejesindäki sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň toplumlaýyn meýilnamasy taýýarlanylýar. 

Ýakyn geljekde geçiriljek halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň arasynda – sentýabr aýynyň 9-15 aralygy «Amul-Hazar 2018» awtorallisi. Onuň marşruty Garagum çölüniň üsti bilen ýurdumyzyň Gündogaryndan Günbataryna çenli uzap gidýär. 2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-7 aralygy «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriň mekdep medeni-sport festiwaly geçiriler. 28-nji oktýabr we 10-njy noýabr aralygy bolsa paýtagtymyz Aşgabatda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) ýerine ýetiriji komitetiniň kabul eden karary boýunça sportuň bu ugry boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionaty geçiriler.  

2019-njy ýylda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde, milli göreş boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi, şeýle-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň gatnaşmagynda sportuň we oýunlaryň milli görnüşleriniň 2-nji festiwalynyň geçirilmegi göz öňüne tutulýar.

Häzirki wagtda döwletimiziň milli ýygyndysy 2020-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiada gatnaşmak üçin işjeň taýýarlyk görýärler.

Meňzeş habarlar