milli goshun logo
Türkmenistan Bütindünýä welosiped gününi belläp geçýär
Türkmenistan Bütindünýä welosiped gününi belläp geçýär
03.06.2019 2046 Sport

Şu gün hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başyny başlamagy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanan baýramy bolan – Bütindünýä welosiped güni mähriban Watanymyzda uludan bellenilýär. Indi dünýäniň müňlerçe adamlary ýylyň-ýylyna bu baýramda meýletinlikde welosipedli ýörişe çykýarlar. Bu asylly başlangyçlar ilki bilen adam saglygynyň, soňra bolsa daşky gurşawy arassalygyny gorap saklamagyň baş aladasy bolup durýar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistanda bu baýramçylyk aýratyn ähmiýete eýedir. Watanymyzyň dürli künjeklerinde geçirilen birnäçe köpçülikleýin sport çäreleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Köp adamly welosipedli ýöriş Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda hem geçirildi.

Harby talyplaryň we Ýaragly Güýçlerimiziň esgerleriniň ýüzlerçesi bu ýokary okuw jaýynyň çäginde ýerleşýän sport meýdançasynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen sport çäresine gatnaşdylar. Welosipedli harby gullukçylaryň meýdançada döreden ajaýyp sazlaşygy görenlerde ýakymly täsirleri galdyrýar. Bulardan başga-da, dabaraly sport çäresinde harby gullukçy türgenleriň sportuň dürli görnüşlerinden taýýarlan görkezme çykyşlaryna orun berildi.

Biziň ýurdumyzda welosportuň ýaýbaňlanmagy ekologiki taýdan zyýansyz ulag bolan welosipediň awtoulaglaryň ýerine esasy ulag hökmünde ulanylmagyna getirdi. Ýagny, paýtagtymyzda we beýleki uly şäherlerimizde awtoulagyň ýerine welosipedi saýlaýan adamlaryň sany artdy. Bu ýagdaýa adaty günlerde hem, ýolda-yzda tigir sürüp barýan adamlary görenimizde özümizem şaýat bolýarys.

Alymlar welosiped daşky gurşawa zyýan getirmeýän we ömrüňi uzaldýan ýagty gelejegiň ulagy diýip belleýärler. Welosiped sürmegiň saglygyňa uly peýda getirýänligini olar birnäçe gezek ylmy barlaglar bilen subut etdi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde tassyklanan Bütindünýä welosiped güni, welosiped ulanýanlaryň sanyny bütin ýer şarynda artdyrar. Jemläp aýtsak, Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden bu Rezolýusiýasy Türkmenistanda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça amala aşyrylýan uly işlere goşant goşup, biziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň subutnamasydyr. «Multimediýa»

«Milli goşun».