Italiýanyň
Neapol şäherine dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna wekilçilik edýän
türgenleriň ilkinji topary geldi. Olar bäş ýetginjekden hem-de bäş gyzdan
ybarat toparlar, bu türgenler ХХХ Bütindünýä tomusky uniwersiadada Watanymyzyň
sport abraýyny goramak hukugyna eýe boldular. Topara iki tälimçi ýolbaşçylyk
edýär.
Neapol
şäherinde geçirilýän Bütindünýä tomusky uniwersiada 127 ýurtdan 9 müňe golaý
türgeniň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Ýaryşlaryň maksatnamasynda sportyň 18
görnüşi göz öňünde tutulandyr.
Türkmen talyp
türgenleri ýaýdan ok atmak, gylyçlaşmak, ýeňil atletika, dzýudo, tennis we
suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklere gatnaşarlar.
4-nji iýulda
dzýudoçylar bilen bir hatarda suwda ýüzmek we gylyçlaşmak boýunça bäsleşikler
geçiriler.
5-nji iýulda
tennisçileriň saýlama ýaryşlary başlanylar, oňa biziň ýurdumyzdan Hajymyrat
Çaryýew gatnaşar.
8-nji iýulda
bolsa, ýeňil atletika boýunça ýaryşlar başlanyp, Irina Welihanowa medallar
ugrunda bäsleşer.
9-njy iýulda
bu bäsleşiklere ýaýdan ok atmak boýunça türgenler goşular. Bu ugurdan ýaryşlara
Türkmenistandan iki türgen gatnaşar.
Uniwersiadada jemi 222 medal ugrunda bäsleşikler bolar, medallara mynasyp bolanlar iki hepdä golaý wagtdan kesgitleniler, 14-nji iýulda bolsa, Neapolda geçirilýän ХХХ Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň ýapylyş dabarasy bolar.