Ýakynda
Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilen karate-do (WKF) boýunça
Merkezi Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Ýetginjek,
ýaş we uly ýaşly türgenlerden ybarat ýygyndy toparymyz sebit çempionatynda jemi
26 medal gazandy. Şolaryň 9-sy altyn, 6-sy kümüş, 11-si bolsa bürünç
medallardyr.
10-njy
gezek geçirilen çempionata bäş döwletden ezber karateçileriň 600-den gowragy
gatnaşdy. Şolaryň diňe 36-sy türkmenistanly türgenlerdir. Munuň özi sebit
ýaryşynda türgenlerimiziň nähili şowly çykyş edendiklerini görkezýär.
Ýaryşyň çäklerinde türgenler kata (görkezme çykyşlary) we kumite (başa-baş tutluşyklar) boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Milli ýygyndymyz görkezme çykyşlary boýunça medallaryň 7-sini gazandy. Şolaryň 2-si altyn, 2-si kümüş, 3-si bürünç medallardyr. Kumite boýunça ýaryşda bolsa olaryň üsti ýene-de 19 medal bilen ýetirildi. Bu gezek ezber türgenlerimiz altyn medallaryň 7-sini, kümüş medallaryň 4-sini we 8 sany bürünç medal gazandylar.