Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag
şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp
barylýan işler we gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil
taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň
at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynda
alnyp barylýan gurluşyk işlerine, döwrebap binalaryň bezeg aýratynlyklaryna
degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň
ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp, şäheriň çäklerinde gurulýan we
gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň
taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdiler.
Hususan-da, Arkadag şäheriniň önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalarynyň,
şäheriň Arkadag merkeziniň binasynyň içki bezeginde ulanylýan serişdeler,
desgalaryň iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil
taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Täze şäheriň
Gün elektrik bekediniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada maglumat berildi.
Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen
içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
“Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her
biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Gaýtadan dikeldilýän
energiýa çeşmeleriniň bekedinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň
ulanylmagyna zerur üns berilmelidir. Arkadag merkeziniň otaglarynyň, mejlisler,
duşuşyklar zallarynyň enjamlaşdyrylyşyna ösen tejribelere laýyklykda
çemeleşilmelidir. Şunda döwrebaplyk, amatlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen
utgaşmalydyr” diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny
berdi.
Milli Liderimiz öz çägini barha giňeldýän täze
şäherde geljekde oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşygynyň
meýilleşdirilýändigini we bu ugra degişli meseleleriň içgin öwrenilýändigini
belläp, bu işleriň Arkadag şäheriniň medeni-durmuş derejesiniň has-da
ýokarlanmagynda ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ähli meýilleşdirilen
işleri ýokary hilli alyp barmakda hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden
ugrady.