Tailand Patyşalygynyň Uly Bangkok sebitine degişli bolan
Nonthaburi welaýatynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara
tennis ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, üç görnüş boýunça
altyn, bir görnüşde bolsa bürünç medal gazandylar. Ýaryş Aziýanyň Tennis
federasiýasy (ATF) tarapyndan guraldy. Oňa Awstraliýadan, Wýetnamdan,
Gonkongdan, Hindistandan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Saud
Arabystanyndan, Singapurdan, Tailanddan, Türkmenistandan hem-de Şri-Lankadan iň
güýçli ýaş tennisçiler gatnaşdylar.
Türkmen ýygyndysynyň altyn medallarynyň ikisini 13 ýaşly
Aly Geldiýew gazandy. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 9-njy synp
okuwçysy şahsy duşuşykda ýeňiş gazanyp, bu üstünligini A.S.Puşkin adyndaky
umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Kerimgeldi
Guldurdyýew bilen bilelikdäki jübütleýin çykyşynda hem dowam etdi.
Türkmenistanyň ýygyndysyna ýene bir altyn medaly
paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli
ýaşlar mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aýlar Kakabaýewa getirdi.
Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän
bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Anna Ponýatowa bolsa bürünç medal
ugrundaky duşuşykda gonkongly Lam Çeuka garşy çykyş edip, 4:1, 3:5, 4:1 hasap
bilen ýeňiş gazandy.
Türkmen tennisçileriniň üstünlikli çykyşy Aziýanyň tennis
jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Olaryň belleýşi ýaly, barha
tejribe toplaýan türkmen tennisçileri yklym ýaryşlarynda esasy bäsdeşlere
öwrülýärler.