milli goshun logo
Syýahatçylyk
Syýahatçylyk
21.09.2018 3139 Türkmenistan

Sosial syýasatyň wajyp ugurlarynyň biri syýahatçylyk bolup durýar. Ýurduň syýahatçylyk senagatynyň iň bir girdejili ugry hökmünde halkara syýahatçylygynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky Döwlet komitetiniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Daşary ýurtly syýahatçylarynyň sanyny artdyrmak üçin täze syýahatçylyk ugurlary açylar, şeýle hem ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri amala aşyrylar.

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň tejribesinde ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar üçin 200 golaý syýahatçylyk ugurlary bar. Häzirki wagtda täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak we olara bar bolan desgalary goşmak boýunça işler alnyp barylýar. Olara hususan hem, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Köýtendag etrabynyň, Garagum çölüniň, Sumbar jülgesiniň ýadygärlikleri degişli bolup durýar.

Şu günki günde taryhy-binagärçilik ähmiýeti bolan gadymy taryhy ýadygärlikleri – Köneürgenç, Gadymy Merw we Nusaý – Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Olaryň her biriniň ägirt uly medeni we ylmy ähmiýeti bar we olaryň ählisine daşary ýurtly syýahatçylar tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýär. Geljekde Köýtendagyň tebigatynyň ajaýyp künjeklerini we goraghananyň beýleki tebigy ýadygärliklerini Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Köýtendagyň täsin tebigy künjeklerini abadanlaşdyrmak boýunça we syýahatçylar üçin oňaýly şertleri döretmek üçin myhmanhanalaryň we beýleki üpjünçilik ulgamlaryň gurluşygy boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndaky ýazgylaryna birnäçe gezek mynasyp boldy. Hususan hem, döwletimiz ilkinji gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndaky ýazgysyna 301 inedördül metr meýdany bolan dünýädäki iň uly el halysy üçin mynasyp boldy. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat dünýäniň iň ak mermer şäheri diýip ykrar edildi. Türkmen paýtagtynyň beýleki ýadygärlikleri– dünýäde iň beýik hasaplanýan Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň öňündäki döwlet baýdagynyň sütüni, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň girişinde ýerleşýän «Oguz han» suw çüwdürimleri toplumy, Türkmenabat şäherindäki Halkara howa menzili, Aşgabadyň halkara howa menzili,  «Türkmenistan» Teleradiomerkeziniň Oguz han ýyldyzy öz äpetligi we «Älem» medeni-dynç alyş merkezi öz ýapyk görnüşli syn ediş çarhy bilen, şeýle-de Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde, 2018-nji ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da “Aş­ga­bat” kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da geçen we­los­port bo­ýun­ça okuw sa­pa­gy­ bolsa «We­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça iň köp­çü­lik­le­ýin sa­pak» hökmünde dünýäniň rekordlarynyň sanawyna girdi.

Meňzeş habarlar