milli goshun logo
Sagdyn we bagtyýar çagalar – beýik geljegimiz
Sagdyn we bagtyýar çagalar – beýik geljegimiz
23.05.2024 106 Habarlar

Düýn – 22-nji maýda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze görnüşli emeli böwrek enjamy dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has täsirli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam berýär.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine täze enjamlaryň sowgat berilmegi mynasybetli şu gün geçirilen dabara gatnaşyjylar – haýyr-sahawat gaznasynyň kömegi esasynda operasiýa edilen we saglygyny dikelden çagalar, olaryň kalby hoşallykdan doly ene-atalary, köp sanly saglygy goraýyş işgärleri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize öz geljegine ynamly garaýan türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrundaky yzygiderli aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.