milli goshun logo
Okgunly ösüşe itergi berýän gatnaşyklar
Okgunly ösüşe itergi berýän gatnaşyklar
30.01.2024 513 Habarlar

Düýn – 29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minszin bilen duşuşygy boldy.

Mejlisiň Başlygy myhmanlary mähirli garşylap, hytaýly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklaryny we köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlamentara dialogyň möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda «Merkezi Aziýa – Hytaý» görnüşinde üstünlikli ösdürilýän, iri halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde döwletara dialogyň ýokary derejesine oňyn baha berip, söhbetdeşler iki ýurduň hem deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga täze itergi bermegi maksat edinýändigini tassykladylar.

Bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda Türkmen-hytaý hökümetara komitetine möhüm orun degişlidir. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli dialogy pugtalandyrmak boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.