Şu gün Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy
«Aziýanyň Kubogy — 2027-niň» saýlama oýunlarynyň çäginde Şri-Lankanyň milli
ýygyndy topary bilen duşuşyp, garşydaşyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Arkadag
şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynda geçirilen duşuşyk örän gyzgalaňly häsiýete
eýe boldy.
Toparçadan diňe ýeňiji bolan ýygyndynyň yklym ýaryşynyň
final tapgyryna çykmaga mümkinçilik alýandygy üçin milli ýygyndy toparymyzyň
gazanan täze ýeňşi örän wajyp ähmiýete eýedir. «D» toparçanyň çäginde geçirilen
bu duşuşykda ýygyndy toparymyz ilkinji minutlardan hüjüm futbolyny görkezdi.
Toparçada birinji orny eýelemegini dowam edýän milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi
Röwşen Meredowyň oýundan öň belleýşi ýaly, ýygyndymyz diňe ýeňiş gazanmagy
maksat edinýär. Hut şonuň üçin hem futbolçylarymyz garşydaşyň düzümine
laýyklykda düzülen özboluşly oýun taktikasy esasynda oýnadylar.
Ajaýyp stadionda janköýerleriň berýän goldawy ýygyndy
toparymyzyň hüjümde netijeli çykyş etmegine ýardam etdi. Şeýlelikde, ýygyndy
toparymyza wajyp ýeňşi getiren toplary Elman Tagaýew (52-nji minutda) bilen
Mekan Saparow (58-nji minutda) öz atlaryna ýazdyrdylar. Şri-Lankanyň düzüminden
bolsa Dillon Senan (67-nji minutda) tapawutlanmagy başardy. Toparçanyň beýleki
duşuşygynda Tailandyň ýygyndysy Hytaý Taýpeýiniň toparyndan 6:1 hasabynda üstün
çykdy.
Şeýlelikde, gazanan ýeňşinden soň 9 utuk toplan
ýurdumyzyň milli ýygyndysy ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam
edýär. Tailandyň milli ýygyndy topary hem geçiren duşuşyklarynda 9 utuk
toplamagy başardy, emma goşmaça görkezijileriň, ýagny toparçada geçirilen özara
duşuşykda Tailanddan üstün çykandygy üçin milli ýygyndymyz ýaryş tertibinde
öňdeligi eýeleýär. 6 utugy bolan Şri-Lankanyň milli ýygyndysy üçünji, utuk
toplap bilmedik Hytaý Taýpeýiniň ýygyndy topary bolsa dördünji orunda
ornaşdylar.
Türkmenistanyň milli ýygyndy topary nobatdaky duşuşygynda
öz meýdanynda Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndysyny kabul eder. Bu duşuşyk 18-nji
noýabrda geçiriler.
Saýlama oýunlaryň çägindäki 6 toparçanyň ýeňijileri Saud
Arabystanynda geçiriljek «Aziýa Kubogy — 2027-niň» jemleýji tapgyryna gatnaşmak
üçin ýollanma alarlar.