Jakartadan
53 kilometr uzaklykda ýerleşýän Bogor şäheri diňe bir ajaýyp tebigaty we täsin
şähergurluşyk aýratynlyklary bilen meşhur bolman, indi ol türkmen
samboçylarynyň birbada ikisiniň dünýä çempiony bolan şäheri hökmünde hem
ýadymyzda galar. Bu ýerde ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatyndan
türgenlerimiz 8 medal bilen dolanyp geldiler. Şolaryň ikisi bolsa altyn
medaldyr.
Bogor şäherinden gelen başga bir hoş habary eşitmek has-da ýakymly. Iki
altyn medaldan başga-da, kümüşdir bürünç medallaryň her haýsyndan üçüsini
gazanan ildeşlerimiz dünýä çempionatyna gatnaşan 34 döwletiň arasynda
toparlaýyn hasapda üçünji orny eýeledi. Ildeşlerimizden öňe diňe Russiýanyň
birinji düzümi bilen Gazagystanyň ýygyndysy geçip bildi. Türgenlerimiziň bu
üstünligi ýurdumyzda sambonyň geljeginiň diýseň uludygyny görkezýär.
Şu güýzde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda talyplyk
dünýäsine gadam basan Yslam dünýä çempionlygyny öz agram derejesindäki 8
türgeniň arasynda gazandy. Ol altyn medal ugrundaky göreşde üç ýeňiş gazandy.
Deslapky tapgyrlarda biziň ildeşimizden gyrgyzystanly türgen Azamat Temirbekow
bilen ermenistanly Wadis Ambarsumýan asgyn geldi. Yslam finalda ýaşlaryň arasynda
dünýäniň geçen ýyldaky çempiony, russiýaly türgen Gadir Gaşimowy ýeňip, hormat
münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardy.
Alyhan Aýdogdyýewiň
hem altyn medala uzaýan ýoly Yslamyňka çalymdaş boldy. Ol deslapky tapgyrlarda
gyrgyzystanly Ahmed Aliýewden, ermenistanly Tigran Grigorýandan üstün çykdy.
Niçikmi, gezek russiýaly samboçy Artýom Nesterowa gezek gelende bolsa,
guramaçylyk komitetiniň final tutluşyklarynyň wagtyny bir sagat öňe süýşürip,
ähli gatnaşyjylara bu barada habar bermändigi üçin geçirilmedi. Şeýlelikde,
Halkara sambo federasiýasynyň ýolbaşçylary iki türgeni hem ýeňiji hökmünde
yglan edip, altyn medal bilen sylaglamak kararyna geldi. Bu çözgüt milli
wekiliýetler tarapyndan goldanyldy. Şunlukda, üç günläp dowam eden dünýä
çempionatynyň ikinji we üçünji günleriniň her haýsynda ýaşlar ýygyndymyz bir
altyn medal gazandy.
Elbetde, gazanylan üstünlikde beýleki medalçylarymyzyň hem uly paýy bar.
Söweş sambosy boýunça erkekleriň arasynda Rasul Jabraýylow (64 kilograma çenli
agram derejesinde) bilen Mälikberdi Begiýew (88 kilograma çenli agram
derejesinde), sport sambosy boýunça gyzlaryň arasynda Ykbal Saparowa (50
kilograma çenli agram derejesinde) hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykan
bolsa, ýaşlar ýygyndymyz bürünç medallaryň ählisini sport sambosy boýunça
gazandy. Has takygy, erkekleriň arasynda Ilşat Döwranow (58 kilograma çenli
agram derejesinde), Annamuhammet Annamuhammedow (64 kilograma çenli agram
derejesinde), gyzlaryň arasynda bolsa Mähriban Pälwanowa (59 kilograma çenli
agram derejesinde) bürünç medalyň eýesi boldular.
34 döwletden 371 türgeni özünde jemlän dünýä çempionatynda türgenlerimiziň
8-siniň medallara mynasyp bolmagy we ýygyndymyzyň umumy hasapda üçünji orny
eýelemegi uly üstünlikdir.