Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň guramagynda geçirilen aýdym-sazly
baýramçylyk dabarasy Watan goragçylarynyň gününe özboluşly şatlyk bagyşlady. özboluşlylygy,
ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Baýramçylyk dabarasynda ýaňlanan
aýdym-sazlar bu ýere ýygnanan harby gullukçylaryň aýratyn ruhy lezzet paýlady. Ýerine
ýetirilen aýdym-sazlarda harby gullukçylarymyzyň belent mertebesiniň, gazanýan
üstünlikleriniň, ýurdumyzyň parahatçylygynyň waspy belentden ýaňlandy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurt ähmiýetli şeýle
baýramçylyk çäresiniň dabaralanmagy berkararlygy baýdak edinen eziz Diýarymyzda
hormatly Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan Watan goragçylaryna bildirilýän
synmaz ynamyň hem-de çäksiz hormatyň nyşanydyr.