20.05.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy
20.01.2022 150 Habarlar

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin ak mermerli paýtagtymyzyň demirgazyk künjegine geldi.

Döwlet Baştutanymyz «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň dürli maksatly desgalarynyň gurulmagy üçin seçilip alnan ýerleriň derejesini hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Munuň özi dürli maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda we gurluşyk işlerinde nazara alynmaly esasy şertleriň biridir.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň başlangyjy we yzygiderli tagallasy netijesinde paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlar üçin has amatly durmuş şertleriniň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän taslamalar, dürli maksatly binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.