milli goshun logo
Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň bäşinji gününiň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň bäşinji gününiň netijeleri
19.04.2024 177 Sport

 

Şu gün – 19-njy aprelde  ýurdumyzda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň bäşinji güni tamamlandy. Bu günki duşuşyklar aýgytlaýjy oýunlary bu halkara ýaryşyň taryhyna ýazdy. Ýatlap geçsek, oýun meýdançasynda bu gün «A» toparçada «Ice Box Iran Mall» (Eýran), «Feniks» (Özbegistan), «Oman Nationals» (Oman), «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn), «B» toparçada «Dordoý» (Gyrgyzystan), «Wolat» (Belarus), «Adihis-Kazan» (Tatarystan, Russiýa), «Akmola» (Gazagystan) hokkeý toparlary 5-nji tapgyryň duşuşyklaryny geçirdiler.

 «A» toparça

«Feniks» (Özbegistan) –  «Ice Box Iran Mall» (Eýran) – 6:1

«Oman Nationals» (Oman) – «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn) – 3:2

 

«B» toparça

«Wolat» (Belarus) – «Dordoý» (Gyrgyzystan) – 2:1

«Adihis-Kazan» (Tatarystan, Russiýa) – «Akmola» (Gazagystan) – 6:1

            Ertir – 20-nji aprelde 15:00-da paýtagtymyzda geçirilýän halkara ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryndan üstünlikli geçip, adyny final duşuşygyna ýazdyran ilkinji topar bolan «Galkan» «B» toparçadaky garşydaşy «Adihis-Kazan» bilen final tapgyra çykar.

            Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý toparyna final tapgyrda-da üstünlik arzuw edýäris!