Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby
institutynyň zehinli ýaş harby gullukçylary we harby talyplary «Ýaş alymlar –
telekommunikasiýa ulgamynda» atly bäsleşiginde 3-nji orna mynasyp boldular. Bu
bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi
tarapyndan «Türkmentel-2019» atly XII halkara sergisiniň çäklerinde geçirildi.
Harby ýokary okuw mekdebi harby talyplar we harby
gullukçylar tarapyndan hödürlenen täze pikirleriň we taýýar taslamalaryň sany
boýunça hem tapawutlandy. Ol işleriň özboluşlylygy we ýokary hilliligi nazara
alnyp, harby ýokary okuw mekdebiniň 20-ä golaý harby talyplary we harby
gullukçylary Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Bäsleşigiň 3-nji ornuna mynasyp bolan Harby
institutyň ýaş alymlary emin-agzalar toparyna mikroshemalaryň kämilleşdirilen
döwrebap programmirlemek usullaryny hödürlediler. Şunlukda eminler käbir wezipeleri awtomatlaşdyrylan ýagdaýda
ýerine ýetirmek üçin özboluşly ýa-da kämilleşdirilen birnäçe programmalar bilen
tanyşdylar. Mysal üçin, wajyp habarlary hemmelere paýlaýan, iri kärhanalaryň
awtoulaglarynyň ýangyjy sarp edişiniň hasabatyny ýöredýän we ş.m. programmalar.
– Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent
Serkerdebaşymyz ýaş alymlary goldamaklyga uly üns berýär. Biziň ýurdumyzda, şol
sanda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň institutlarynda olaryň netijeli
işlemekleri üçin ähli gerek bolan şertler döredilýär. Biziň
maglumat-kommunikasion tehnologiýalaryndan başy çykýan zehinli harby
talyplarymyzyň we harby gullukçylarymyzyň häzirki ýeňşi hem munuň aýdyň
subutnamasy bolup durýar – diýip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby
institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy, kapitan Döwran Abdyrasulow gürrüň
berdi.
«Milli goşun».