milli goshun logo
Harby gullukçylaryň arasynda karatedo boýunça sport ýaryşy geçirildi
Harby gullukçylaryň arasynda karatedo boýunça sport ýaryşy geçirildi
18 sagat öň 21 Sport

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Karatedo federasiýasy bilen bilelikde sportuň karatedo görnüşi boýunça bäsleşik guraldy. Oňa harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylary we işgärleri, şeýle hem mekdep okuwçylary işjeň gatnaşdylar.

Häzirki wagtda harby gullukçylaryň arasynda sportuň karatedo görnüşine hem uly isleg bildirilýär. Sebäbi sportuň karatedo görnüşi harby söweş sungaty bilen utgaşdyrylanda, ýaş harby türgenleriň ruhy we fiziki ukyplarynyň köptaraply häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň Karatedo federasiýasy ýurt goragçylarynyň arasynda yzygyderli bäsleşikler guraýar. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan merdana harby gullukçylarymyz gaýduwsyzlyk, çydamlylyk, batyrlyk ýaly häsiýetlerini kämilleşdirýärler. Nobatdaky bäsleşik hem sagdyn bedenli, kämil ruhly, lebzine ygrarly, watansöýüji, merdana nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirdi. Şeýle-de bu bäsleşigiň netijeleri esasynda 2026-njy ýylda Dünýä we Aziýa çempionatlarydyr beýleki abraýly ýaryşlara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýygyndy topary düzüler.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sportuň karatedo görnüşi boýunça geçirilen bu bäsleşik ýurt goragçylarynyň bedenterbiýe we sport bilen aýrylmaz baglanşyklydygyny ýene bir ýola äşgär etdi.