milli goshun logo
Harby bilimiň maksady – ähli tarapdan kämil watançylary terbiýelemek
Harby bilimiň maksady – ähli tarapdan kämil watançylary terbiýelemek
21.11.2019 2912 Harby Bilim

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bilim ulgamyndaky edaralary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin ähli tarapdan kämil we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendirler. Bu asylly işde ýaş watançylary – geljekki Watan goragçylaryny taýýarlaýan Ýöriteleşdirilen harby mekdepler esasy orny eýeleýär.

Olaryň işiniň alnyp barlyşy barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Eziz Ismailowyň mysalynda aýdyp bolar.

Ägirt uly döredijilik ukyby bolan ýetginjek heniz çagalykdan surat çekmek bilen meşgullanyp başlaýar. Öz önüp-ösen Bäherden şäherinde onuň zehinini Ýörite çagalar sungat mekdebiniň suratkeş mugallymlary duýup, ony suratkeşlik bölümine kabul edýärler.

Ol ýerde okan döwri geljekki harby okuwçy öz halypalaryny döredijilige bolan söýgüsi bilen geň galdyrýar. Onuň deň-duşlary ýerine ýetirilen öý işi hökmünde 15-20 surat getirýän bolsalar, ol 70-80 sany ajaýyp we gaýtalanmaýan işleri getirýärdi.

«Men surat çekmekden hiç ýadamaýardym» diýip, ýetginjek çagalyk döwrüni hakydasynda janlandyrýar. Wagt geçip, ol öz geljegi barada, durmuşyny baglajak hünäri barada has köp oýlanyp başlaýar.

Saýlaw ýeňil we aýdyň bolandyr öýdýänsiňiz. Suratkeşlik, sungat, sergiler we watandaşlaryň sylag-hormaty... Ynha, şular ýaş zehinli suratkeşe garaşýardy. Emma ol özüne başga ugur saýlaýar we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine girýär.

– Mümkin, meniň maşgalamda harby adamlaryň barlygy sebäpli, bu meniň ganymda bardyr. Olar meniň dünýägaraýşyma uly täsir etdiler. Olaryň ýörelgesine eýerip, men öz durmuşymy Watan goragy bilen baglamaly diýen karara geldim – diýip, harby okuwçy öz saýlawy barada pikirlerini paýlaşdy.

Şu ýerde «Harby mekdep we sungat utgaşmajak zatlar, ýetginjek ol ýere gireninden soň döredijilik bilen meşgullanmasyny goýmaly bolar» diýip pikire gelnen bolmagy ahmal. Emma hakykatda hemme zat düýbünden başgaça boldy. Harby okuwçy bolanyndan soň E.Ismailow diňe bir suratkeşlik bilen meşgullanman, eýsem, başga-da birnäçe dürli hünärleri ele alyp başlaýar. Ol fototehnika we çeper surat bilen meşgullanmagy, saz gurallary çalmagy, daşary ýurt dillerini – rus, iňlis, nemes, türk we ýapon dillerini çuňňur öwrenmegi ýola goýýar.

– Harby mekdebimizde harby okuwçylaryň şahsy wagtynda näme bilen meşgullanýandygy gözegçilikde saklanýar. Bärde mynasyp başarnyklary we ukyplary hökmany suratda höweslendirmeli diýen düşünjä eýerilýär – diýip, zehinli ýetginjek aýdýar.

Terbiýeçiler harby okuwçylaryň meşgullanýan ugurlary has köp bolar ýaly yhlas edýärler. Mysal üçin Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine belli şahsyýetler we dürli ugurlar boýunça hünärmenler – şahyrlar, ýazyjylar, suratkeşler, aýdymçylar, sazandalar, türgenler, alymlar yzygiderli çagyrylýar. Olar harby okuwçylar bilen gürrüňdeş bolup, olar üçin gysga sapaklary geçirýärler, olaryň döredijiliklerine baha berýärler.

– Örän gysga wagtyň içinde men harby mekdepde adaty durmuşda aňsat duşup bolmajak birnäçe meşhur şahsyýetler bilen tanyşdym – diýip, harby okuwçy aýdýar.

Ýöriteleşdirilen harby mekdepde harby okuwçylara özleriniň ukybyny açmak üçin ähli şertler döredilýär. Olar mugallymlarydyr serkerdeleri tarapyndan berilýän goldawy duýup, birnäçe hünäri ele alýarlar. Bu asylly işleriň giňden ýola goýulmagy üçin harby mekdepde birnäçe döredijilik maksatly gurnaklar açylýar, goşmaça açyk okuw sapaklary geçirilýär. Harby okuwçylar özleriniň döredijiliginiň beýany bolan mekdep gazetiniň, žurnalynyň we habarlar gepleşiginiň döredilmegine hem işjeň gatnaşýarlar.

Harby taýýarlyk bilen bir hatarda harby okuwçylar dürli olimpiadalara, sport we döredijilik ýaryşlaryna gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi ählihalk bäsleşikleriniň medallarynyň, kuboklarynyň we Hormat hatlarynyň eýeleri bolup durýar.

– Häzirki wagtda käbir deň-duşlarym bilen halkara bäsleşiklerine gatnaşmaga taýýarlyk görýäris – diýip, E.Ismailow belleýär.

Zehinli ýetginjegiň esasy arzuwlarynyň içinde Italiýa – meşhur Leonardo Da Winçiniň doglan we ýaşan ýerine baryp görmek bar. Bu taryhy şahsyýet ýaş ýetginjek üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Leonardo Da Winçi şol bir wagtda suratkeş, oýlap tapyjy, ýazyjy, şahyr, alym bolupdyr. Mahlasy, ol ähli tarapdan kämilleşen şahsyýet. Şular ýaly şahsyýetleri terbiýelemek bolsa  Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň biri bolup durýar. Harby okuwçy E.Ismailowyň mysalynda alanymyzda, bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelinýär.

Zehinli harby okuwçynyň birnäçe gyzyklanýan ugurlary bar bolsa-da, mundan soňam köp zatlary öwrense-de, harby durmuş onuň üçin hemişe birinji ýerde durýar.

– Galan zatlar meniň üçin güýmenje ýaly bir zat. Meniň ykbalym sungatdan üzňe bolmaz. Emma meniň esasy wezipäm – Watany goragydyr – diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň geljekki serkerdesi aýdýar. 

Eziz ÖWEZOW, «Milli goşun».