milli goshun logo
Halklaryň bähbidine möhüm duşuşyk
Halklaryň bähbidine möhüm duşuşyk
21.06.2024 108 Habarlar

Düýn – 20-nji iýunda paýtagtymyzda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Ýokarky palatasynyň Başlygy hanym Mabel Çinomona bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmak, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giňmümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, parlamentleriň ugry boýunça özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam eder.