milli goshun logo
Goşun görnüşleriniň atly toparlarynyň dabaraly ýörişi
Goşun görnüşleriniň atly toparlarynyň dabaraly ýörişi
30.04.2023 3235 Harby özgertmeler

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň atly toparlarynyň dabaraly ýörişi guraldy.

Ýaragly Güýçlerimiziň goşun görnüşleriniň harby gullukçylary milli şaý-sepler bilen bezelen ahalteke bedewleriniň üstünde hatar tutup, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňünde geçdiler. Harby gullukçylaryň merdemsi keşbinde, bedewleriň seýkin basyşynda ajaýyp sazlaşyk duýulýardy. Gadymy döwürlerden bäri her bir işde türkmen ýigitleriniň hemrasy bolan ahalteke bedewleri häzirki döwürde hem Watan goragynda harby gullukçylaryň ýakyn ýardamçylarydyr. Çünki türkmen halkynyň aýratyn buýsanjy hem-de bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy bolan, ýurdumyzyň Döwlet tugrasyny bezeýän ahalteke bedewi häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky nyşanyna, ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly gatnaşyklara, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň alamatyna öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň milli ýörelgelere ygrarlydygynyň özboluşly nyşanyna öwrülip, häzirki wagtda ýurdumyzyň okgunly ösýändiginiň, abadançylygyň ýoly bilen röwşen geljege tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň beýanydyr.