milli goshun logo
Geljegi nazarlaýan türkmen-german hyzmatdaşlygy
Geljegi nazarlaýan türkmen-german hyzmatdaşlygy
29.01.2024 484 Habarlar

27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan GFR-iň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Matias we bu kompaniýanyň uly geňeşçisi Hans Gerd Prödel bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Köp ýyllaryň dowamynda Germaniýanyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler. Saglygy goraýyş ulgamynda uzak möhletleýin türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy nygtalmaga mynasypdyr. Özara tejribe alyşmak meselelerine möhüm üns berilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda nemes kompaniýalarynyň iň kämil, öňdebaryjy enjamlarynyň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen GFR-iň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň nobatdaky subutnamasydyr.