Türkmenistanyñ Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Içeri
işler ministrliginiň hem-de Awtomobil sport federasiýasynyň toparlaryndan
ybarat T2 synpynda 12 ekipaž ýeňil ulaglaryň arasynda ralli-reýd ýaryşy
geçirildi. Ýaryşlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna
bagyşlandy.
Garagum sährasynyň ugry boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe
we Bäherden etraplarynyň çäginden geçýän ýolunyň umumy uzynlygy 206 kilometre
barabardyr.
2 sagat 21 minut 36 sekunt netije görkezen Türkmenistanyň
Awtomobil sport federasiýasynyň ekipažy – pilot Maksatmyrat Daňatarow we
şturman Didar Orazmedow ýaryşyň ýeňijileri boldular.
Ikinji orny 2 sagat 39 minut 48 sekunt netije bilen
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekilleri – pilot Merdan
Toýlyýew we şturman Akmuhammet Toýlyýew eýelediler.
2 sagat 43 minut 27 sekunt netije bilen pilot hökmünde
IIM-niň türgeni Süleýman Annamämmedow hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sport
federasiýasynyň wekili Rafael Gaýnullin şturman hökmünde çykyş edip, üçünji
orna mynasyp boldular.