milli goshun logo
Bişkekden 8 medal
Bişkekden 8 medal
1 gün öň 19 Sport

Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen Sambo boýunça dünýä çempionatynda ildeşlerimiz üstünlikli çykyş edip, medallaryň 8-sine mynasyp boldular. Çempionat üç gün dowam etdi. Şol günlerde söweş we sport sambosy boýunça zenanlardyr erkekleriň arasynda, şeýle hem görşi pes türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşlarda medallaryň 31 toplumy gowşuryldy.

Türkmenistanly samboçylar dünýä çempionatynyň eýýäm ilkinji gününde iki medal gazandylar. Olaryň ikisi hem söweş sambosy boýunça gazanyldy.

Ildeşlerimiz çempionatyň ikinji gününde ýene iki medal gazandylar.

Dünýä çempionatynyň üçünji güni türkmen türgenleri üçin has-da düşümli boldy. Şol gün olaryň dördüsi hormat münberine çykdy.

Bişkekde gazanan bu medallarymyzyň üstüni zenan samboçylarymyz ýetirdi.

Dünýä çempionaty türkmen samboçylarynyň iri ýaryşlara ýokary derejedäki taýýarlygyny görkezdi. Olar sekiz gezek hormat münberine çykdylar. Gazanylan medallar hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna özboluşly sowgat boldy.