milli goshun logo
Batyrlygyň we gaýduwsyzlygyň nyşany
Batyrlygyň we gaýduwsyzlygyň nyşany
21.10.2023 4483 Harby özgertmeler

Bu günki geçirilen harby okuw-türgenleşigi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezdi. Edermen Watan goragçylary ýöriteleşdirilen harby tehnikalaryň we ýaraglaryň iň täze, häzirki zaman görnüşlerine ussatlarça erk etmegi başardylar. «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary sazlaşykly söweş hereketleri esasynda «garşydaşyň» çozuşyny serpikdirmek üçin güýçlerini birikdirip, ynamly hereket etdiler. Olar söweş hereketleriniň alnyp barylýan ýerine ýyldyrym çaltlygynda gelip, öz aralarynda wezipeleri paýlaşdylar. Her gullugyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň harby gullukçylary bir-biriniň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirip, söweşjeň wezipeleri doly we dürs ýerine ýetirdiler. «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň merdana harby gullukçylarynyň harby okuw-türgenleşik pursatlarynda dürli päsgelçiliklerden ussatlarça baş alyp çykmagy, şöhratly pederlerimize mahsus edermenligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň nusgasyna öwrüldi.