milli goshun logo
Aziýa Kubogyna bir ädim galdy
Aziýa Kubogyna bir ädim galdy
13 sagat öň 11 Sport

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama oýunlarynyň çäginde Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy topary bilen duşuşyp, garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.

«D» toparçanyň çäginde Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionynda geçirilen duşuşykda ýygyndy toparymyz ilkinji minutlardan hüjüm futboluny öňe sürdi. Toparçada birinji orny eýelemegini dowam edýän milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Röwşen Meredowyň oýundan öň belleýşi ýaly, futbolçylarymyz diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdana çykypdylar.

Şeýlelikde, oýun doly derejede milli ýygyndymyzyň artykmaçlygynda geçdi. Ýygyndy toparymyzyň düzüminde Rahman Myratberdiýew (13-nji minut), Elman Tagaýew (53-nji minut) hem-de Meýlis Diniýew (78-nji minut) dagy tapawutlanmagy başardylar. Toparçanyň beýleki duşuşygynda Tailandyň ýygyndysy myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndy toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykdy.

Gazanan wajyp ýeňşinden soň ýurdumyzyň milli ýygyndysy 12 utuk toplady. Tailandyň milli ýygyndy topary hem geçiren duşuşyklarynda 12 utuk toplamagy başardy, ýöne goşmaça görkezijileriň netijesinde ýygyndy toparymyz ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Ýygyndy toparymyz paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda Tailandyň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykmagy başarypdy. 6 utugy bolan Şri-Lankanyň milli ýygyndysy toparçada üçünji, utuk toplap bilmedik Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndy topary bolsa dördünji orunda ornaşdylar.

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary nobatdaky, aýgytly duşuşygyny myhmançylykda Tailandyň milli ýygyndysy bilen geçirer. 2026-njy ýylyň 31-nji martynda geçiriljek bu duşuşykda ýygyndy toparymyza toparçadan çykmak üçin deňme-deň oýnamagyň hem ýeterlikdigini bellemek gerek.

Saýlama oýunlaryň çäginde 6 toparçanyň ýeňijileriniň Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýa-2027 Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşmak üçin ýollanma alýandyklaryny ýatladýarys.