milli goshun logo
Asuda asmanyň ak bürgütleri
Asuda asmanyň ak bürgütleri
25.05.2017 1913 Harby Bilim

Ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsinde uçmak, ganatlanmak düşünjelerine aýratyn ähmiýet berlipdir. Ony her bir zatda görmek mümkin. Erkanalygy uçýan halynyň, bagta barýan ýoly symrug guşuň edebi keşbi bilen baglanyşdyrypdyrlar. Merdanalygy bolsa bürgüt edermenligi bilen baglanyşdyrypdyrlar. Seljuk türkmen döwletiniň binýadyny goýan iki sany gerçegiň ady bürgüt atlarydyr. Olar dünýäniň dürli künjeginde juda seýrek hakykaty äleme sowgat berdiler. Ol sapak agzybirligiň we merdanalygyň mizemez nusgasydyr. Olar iki dogan bolup, bir döwleti agzybirlikde dolandyrmagyň türkmen nusgasyny äleme peşgeş berdiler. Şonuň üçin hem olaryň esaslandyran seljuk şadöwletiniň tuglarynyň ýüzünde iki kelleli bürgüdiň şekli ýerleşdirilendir. Ol bürgütler Çagry bilen Togruldyr.

Bu buýsançly maglumaty şu ýerde goýaly. Ýöne isleseň islemeseň hem biziň söhbedimiziň bir çeti şol maglumata baryberýär. Halkymyz ylym paýyndan kemsiz ýüküni tutup, durmuş ýoluna gadam basan ýaşlara hem uçurum diýýär. Uçurymyň nämedigini halkymyzyň hemmesi hem bilýär. Öz ganatyna bil baglap, ata-enesiniň höwürtgesinden ilkinji gezek uçup görmek başarnygyny barlap gören guş. Diýmek. uçurum özüniň uçup bilýändigine göz ýetiren guş. Indi oňa asman giňişligi garaşýar. Emma guş bar – guş bar. Bürgütler asman giňişliginiň iň ýokarky gatlagyna göterilip bilýän hem-de, aýdyşlaryna görä, şol ýerden ýerdäki süýtli jama gaçan ak gyly, gara daşyň üstündäki gara gyly saýgaryp bilýän eserdeň guşdur.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Watan goragynda äleme nusgalyk göreldeleri görkezen, milletimiziň ömrüne merdanalygy bilen ömür goşan beýik şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň, şeýle-de 2-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine Alp-Arslanyň we 3-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine Soltan Sanjaryň atlary dakylyp, bu ýerde olaryň heýkelleri goýuldy. Munuň özi harby mekdeplerde bilim alýan ýaş watançylary pederleriň milli ýörelgesinde, milli ruhda, ýokary ahlakly, kämil ýaşlar edip ýetişdirilmegine döwlet derejesinde berilýän ähmiýetiň miwesidir.

Ata-babalarymyzyň uçmak arzuwynyň kosmos derejeli mümkinçiligine eýe bolan ata Watanymyzyň goragçylary bolan harby okuwçylarymyzyň mynasyp ogullar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýarlyk döwründe hem şöhratly ata-babalarymyzyň asyrlarboýy nesilden-nesle geçirip gelen Watan goragyna hemişe taýýar bolmak babatyndaky milli ýörelgesi häzirki zaman mümkinçilikleri bilen utgaşdyrylyp okadylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki orta bilim berýän mekdepler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň okuwçylary hem ýurdumyzyň beýleki mekdepleriniň okuwçylary bilen bir hatarda şu gün ylymdan ganatlandylar. Watany eserdeňlik bilen, wepadarlyk bilen goramagyň sapaklaryny özleşdiren ak bürgütlere ata Watanymyzyň asuda asmanynyň erkana giňişligi garaşýar. Belent Serkerdebaşymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär» atly mekdeplik kitaplaryny yzygiderli özleşdirýän merdana nesillere Watan goragy ynanylýar. Çünki diňe goranmak häsiýetli harby doktrinamyzy amala aşyrmak babatdaky her bir işde kämil harby bilimi, hünäri ele alan, syýasy taýdan sowatly, giň dünýägaraýyşly, ukyp-başarnykly ýurt goragçylary biziň esasy daýanjymyzdyr. Olar berkarar Watanymyzyň ygtybarly goragynyň kepilidir.

«Milli goşun».