26-njy
oktýabr. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 23-nji tapgyrynyň
çägindäki duşuşyk. Hawa, şol gün taryhy netije hasaba alynmalydy. Bassyr iki
ýyl çempion bolup gelýän «Arkadag» topary myhmançylykda «Ahal» bilen
duşuşýardy. Arkadag şäheriniň adybir topary ýeňiş gazanan ýagdaýynda bassyr
üçünji ýola çempionlygyny baýram etmelidi. Bu şeýle-de boldy...
Duşuşygyň emini Eziz Ýazmyradowyň jürlewügi çalan dessine hüjüme geçen
myhmanlar howply pursatlaryň birnäçesini döretdiler. Hernäçe hüjüm futbolynyň
öňe sürlendigine garamazdan, duşuşygyň birinji ýarymynda hasap açylmady. Ikinji
ýarymda has netijeli çykyş eden «Arkadag» topary Didar Durdyýewiň urgusyndan
soňra öňe saýlandy. Şol pursat duşuşygyň 68-nji minuty dowam edýärdi. Şondan
soňra toparlaryň eden hüjümleri netije bermedi.
Gazanan bu ýeňşi «Arkadag» toparyna çempionatymyzyň tamamlanmagyna 5 tapgyr
galanda toplan 66 utugy bilen çempionlyk derejesini gazanmaga mümkinçilik
berdi. Toparyň çempionatda geçiren 22 oýnunda 89 topy garşydaşlarynyň
derwezesinden geçirendigi hem bellenmäge mynasypdyr.
Geçen möwsüm hem wagtyndan öň çempion bolan topar şonda halkara derejede-de
üstünlik gazanypdy. Has dogrusy, «Arkadag» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda
ynamly ýeňiş gazanyp, türkmen futbolunyň taryhyndaky täze sahypany açypdy.
Wladimir Baýramowyň tälim berýän topary bu möwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasy-2
bäsleşiginiň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, eziz Watanymyz häzirki wagtda dünýäde sport ýurdy hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda geçirilýän iri halkara ýaryşlar hem doly güwä geçýär. Şeýle guwandyryjy, buýsandyryjy wakalara şaýat bolunýan döwürde «Arkadag» toparynyň ýeňişli ýoldan ynamly barýandygy diýseň begendirýär.