Türkmenistanyň Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda
geçirilen futbol boýunça çempionatyndaky çykyşyny «Arkadag» topary ýeňiş bilen
jemläp, jemleýji, 28-nji tapgyrda Balkanabat şäheriniñ «Nebitçi» toparyny 4:1
hasabynda ýeňdi.
Duşuşyk paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda geçirildi.
Ýolötenli emin Merdan Şanazarowyň badalga bermeginde
Wladimir Baýramowyň şägirtleri oýnuň hörpüni öz ellerinde sakladylar we Resul
Hojaýewiň kömegi bilen üçünji minutda hasaby açdylar. 10 minutdan soň Didar
Durdyýew tapawudy iki esse artdyrdy we şu möwsümde milli çempionatdaky 27-nji
goluny geçirdi. Bu görkeziji bilen ol yzly-yzyna üçünji ýyl Türkmenistanyň
2025-nji ýyldaky çempionatynyň iň köp pökgi geçiren hüjümçisi boldy.
Duşuşygyň ikinji ýarymynyň başlanmagy bilen 47-nji
minutda Şamämmet Hydyrow milli çempionyň artykmaçlygyny üç pökgä ýetirdi.
73-nji minutda göni gyzyl duýduryş alandygy üçin Ylýas
Çaryýewiň meýdançadan çykarylmagy bilen «Arkadag» topary azlykda galdy. Dört
minutdan soň Seýitmämmet Hojamämmedow bir goly yzyna aldy. Oýnuň 88-nji
minudynda bolsa Didargylyç Orazow garşydaşynyň derwezesine pökgini geçirip,
duşuşygyň jemleýji hasabyny kesgitledi.
Şeýlelikde, 28 duşuşykda 28 ýeňiş gazanan «Arkadag»
futbol topary Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 2025-nji ýylky möwsümini ajaýyp
görkezijiler bilen jemledi. Arkadag şäheriniň wekilleri 84 utuk toplap,
goýberilen 15 pökgüden 105 pökgi geçirip, yzly-yzyna üçünji gezek ýurdumyzyň
çempiony boldular. 2023-nji ýylda döredilen gününden bäri «Arkadag» futbol
toparynyň milli çempionatda ýekeje utuk hem ýitirmändigini bellemek gerek. Şu
ýyl hem topar üçünji gezek Türkmenistanyň Kubogyny almaga ýakyndyr.