milli goshun logo
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
12 sagat öň 14 Habarlar

Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy maslahat geçirildi.

Halkara maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, haly önümlerinde, zergärçilikde, fotosuratlarda çeper beýan edýän döredijilik eserleriniň sergisini synladylar. Mälim bolşy ýaly, ahalteke atlary halkymyzyň durmuşynda we medeniýetinde möhüm orny eýeleýär. Gözelligiň, ýyndamlygyň, güýç-kuwwatyň nyşany bolan bedewleriň keşbi ähli döwürlerde hem ylham çeşmesi bolupdyr. Häzirki döwürde döredijilik eserlerinde ahalteke bedewi Watanymyzyň berkararlygynyň we okgunly ösüşiniň nyşany bolup orta çykýar. Bu aýratynlyk Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp ahalteke bedewlerine, milli atşynaslyk sungatyna bagyşlap döreden eserleriniň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär.

Çykyşlarda şöhratly ata-babalarymyzyň zähmetsöýerligi we zehini bilen bu täsin tohumy döredip, onuň arassalygyny saklap gelendiklerine üns çekildi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan atçylyk sungatymyza kuwwatly itergi berildi. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, olaryň baş sanyny artdyrmak we seleksiýa-tohumçylyk işleriniň hilini döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Foruma gatnaşyjylar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän şeýle çäreleriň ýurdumyzda atşynaslyk pudagynda gazanylan üstünlikler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga, daşary ýurtlaryň assosiasiýalary we pudaklaýyn guramalary, hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýändigini nygtadylar. Halkara maslahatda behişdi bedewleriň gadymy mekanynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine edilýän tagallalar üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri beýan edildi.