milli goshun logo
Ýeňişli günleriň ýalkymy
Ýeňişli günleriň ýalkymy
08.05.2021 1280 Harby özgertmeler

1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bagtyýarlyk döwrümizde ata-babalarymyzyň mertlik-merdanalyk mekdebi bolup, ýaş nesilleriň kalbynda orun aldy. Watançy esgerler mukaddes topragymyzyň Garaşsyzlygy we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda deňsiz-taýsyz edermenlik görkezdiler. Şeýle gahrymançylykly söweş alyp baran edermen türkmen ýigitleriniň gazanan Beýik Ýeňşi taryhda öçmejek yz galdyrdy.

Döwletimizde uruş we tyl weteranlaryna aýratyn hormat-sarpa goýulýar. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli uruş weteranlaryny pul sylaglary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak indi asylly däbe öwrüldi.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Permanyna laýyklykda, Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli söweş meýdanlarynda gahrymanlyk görkezip, Watanymyza Ýeňiş bilen dolanyp gelen, häzirki wagtda aramyzda nusgalyk mekdep bolup ýaşap ýören uruş weteranlarymyza, şeýle-de urşuň yzynda ýar ojagyny wepadarlyk bilen saklap oturan kümüş saçly enelerimize pul sylaglary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu çäreleriň uruş weteranlarymyzyň öý-ojaklaryna baryp geçirilmegi bolsa, olaryň göwünlerini galkyndyrdy.

Uruş weteranlarymyz özleri hakda edilýän şeýle aladalar üçin baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Bagtyýar günlerimize şaýat bolup, aramyzda gezip ýören uruş weteranlarynyň ruhy bu gün has belentde.

 

«Milli goşun».