milli goshun logo
Ýaragly Güýçlerimiziň binýady pugtalandyrylýar
Ýaragly Güýçlerimiziň binýady pugtalandyrylýar
26.01.2023 1329 Harby özgertmeler

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 2 gatly 200 orunlyk esgerler ýatakhanasy açylyp ulanylmaga berildi.  Açylyş dabarasy şowhunly çykyşlar bilen utgaşdy. Dabara harby gullukçylar, il sylagly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Joşgunly aýdymlardyr tanslaryň ýerine ýetirilmegi toý şatlygyny artdyrdy. Çykyş edenler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzüminde şeýle ajaýyp mümkinçilikler bilen üpjün edilen döwrebap binanyň ulanylmaga berlendigi üçin Hormatly Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar. Soňra dabara gatnaşyjylar binanyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Bu ýerde giň hem-de ýagty Galkynyş otagy, serkerdeleriň iş otaglary, durmuş taýdan hyzmat ediş otaglary, dellekhana, goş saklanylýan ýörite otag bolup, olarda zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Dabaranyň ahyrynda harby gullukçylaryň hem-de myhmanlaryň gatnaşmagynda, giňden ýazylan toý desterhanynyň başynda täze binalaryň açylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Döwrebap binanyň açylyş dabarasyna gatnaşan harby gullukçylar döredip berýän şeýle mümkinçilikleri, Watan goragçylary hakynda edilýän irginsiz aladasy üçin Hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyş sözlerini aýdyp, harby borçlaryny mundan beýläk-de ýerine ýetirmekde gujur-gaýratyny gaýgyrman, ak ýürek bilen birkemsiz gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.