milli goshun logo
WATANYŇ WEPALY GERÇEKLERI SYLAGLANDYLAR
WATANYŇ WEPALY GERÇEKLERI SYLAGLANDYLAR
28.09.2022 1645 Harby özgertmeler

28-nji sentýabrda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Halk Hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança baýramçylyk şowhunyna beslendi. Bu ýerde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine döwlet sylaglarynyň, harby we ýörite atlaryň hem-de hünär derejeleriniň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramy mynasybetli guralýan çäre ýadygärlikler toplumyndaky «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýmak dabarasy bilen başlandy. Ter çemenler merdana ýurt goragçylarynyň ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluna, görkezen gahrymançylyklaryna buýsanjynyň nyşanyna öwrüldi. Olar edermen hem-de gaýratly pederlerimiziň ruhy ýadygärliklerini harby salam bilen hormatladylar.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri meýdançada nyzama düzüldiler. Olaryň nurana ýüzlerindäki şatlyk alamaty baýramçylygyň şowhuny bilen utgaşyp, gaýtalanmajak pursatlary döredýärdi. Döwlet Senasynyň ýaňlanmagy, buýsançly gutlaglaryň we hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň degişli Permanynyň okalmagy sylaglanýan harby gullukçylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Soňra harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini sylaglamak, harby we ýörite atlary dakmak dabarasy başlandy. Belent mertebä mynasyp bolanlar ellerini ýürekleriniň üstünde goýup, wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar özleriniň mukaddes borjy ýerine ýetirmekde görkezen yhlaslaryna şeýle ýokary baha beren hormatly Belent Serkerdebaşymyza hoşallyk bildirdiler.

Şeýle dabaralaryň biri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde harby gullukda tapawutlanyp, Watana wepaly hyzmat etmekde görelde görkezen harby gullukçylar döwlet sylaglary bilen sylaglandylar, şeýle hem nobatdaky harby atlar dakyldy. Sylaglanan harby gullukçylar Döwlet baýdagyny togap edip, wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdiler. Bu dabara merdana Watan goragçylaryny täze üstünliklere, täze rowaçlyklara ruhlandyrdy. Çünki döwlet sylagy uly ynamyň nyşanydyr, ynam bolsa borjuňa jogapkärçilikdir, has-da netijeli we öndümli zähmet çekmäge borçlulykdyr.

 Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!

«Milli goşun»