milli goshun logo
Watançy zenanlaryň üstünligi
Watançy zenanlaryň üstünligi
02.03.2021 2405 Harby özgertmeler

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda geçirilýän «Ýylyň zenany» atly bäsleşigi degişli ugurlar boýunça ýokary ruhubelentlige beslenip geçirildi.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugry boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň zenan harby gullukçylarynyň arasyndaky bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem baý mazmunly çykyşlary bilen tapawutlandy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan zenan harby gullukçylar öz hünärleriniň aýratynlyklaryny, Watanymyza, harby kasama bolan duýgularyny, halkymyzyň milli we ruhy gymmatlyklaryna bolan söýgüsini çykyşlarynda beýan etdiler. Şeýle-de, döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany aýdym-sazly, çeper okaýyşly çykyşlarynda görkezdiler.

Bäsleşige gatnaşan zenan harby gullukçylar köpöwüşginli çykyşlarynda taryhda taýsyz gahrymançylyk görkezen türkmen zenanlarynyň keşplerini janlandyrdylar.

Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça ýeňiji bolan zenan «Ýylyň watançy zenany» diýip yglan edildi. Bu hormatly ada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň psihology, maýor Nurgeldiýewa Nabat mynasyp boldy. Bäsleşikde tapawutlanan zenan harby gullukçylara Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Milli goşun».