24.01.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Uçar we yşyklandyryjy kerosin daşary ýurtly alyjylarda uly gyzyklanma döredýär
Uçar we yşyklandyryjy kerosin daşary ýurtly alyjylarda uly gyzyklanma döredýär
07.12.2021 117 Habarlar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryjy kerosinini satyn aldylar.

«Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz we el halylary Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 853 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 39 million 11 müň manatlykdan gowrak «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylary satyn aldylar.