28.09.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
13.08.2022 97 Habarlar

12-nji awgustda Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de käbir meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdiler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşi barada aýdyp, şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,1 göterim derejesinde bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.