Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan
işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle
hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere
seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir
ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary,
welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw
mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki
ýolbaşçylar çagyryldy.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň alty aýynda milli ykdysadyýetimiziň
makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilen toplumlaýyn
çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol
sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 5,1 göterime, ulag
we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda
4,5 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar —
iýun aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi
öndürilen önümiň möçberi 9,9 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn
önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Şu ýylyň alty aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,7 göterim, daşary söwda
dolanyşygy 2,9 göterim ýokarlandy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk
zähmet haky 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,4 göterim ýokarlandy.
Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda
maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen
düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
15,6 göterim artdy.
Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022
— 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine
ýetirilişi barada hasabat berildi.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» rejelenen görnüşdäki taslamasy
barada hasabat berdi. Bu resminama laýyklykda, 2025 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-medeni maksatly binalary we desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny, inženerçilik
ulgamlaryny gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek göz öňünde
tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow şu
ýylyň birinji ýarymynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa
goýumlaryň görkezijileri hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, alty aýyň netijeleri boýunça baş
maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6
göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi
102,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,5 göterim berjaý edildi.
Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda balans toparlarynyň
jemi 63 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 54 mejlisi
geçirildi. Olaryň barşynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň
netijelerine seredilip, olaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşy,
maliýe-ykdysady görkezijileri we maýa goýumlaryň özleşdirilişi boýunça seljerme
işleri geçirildi.
Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna
milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi
içerki önümiň 17,7 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň
44,8 göterimi önümçilik hem-de 55,2 göterimi durmuş we medeni maksatly
binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.
Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi
barada aýdyldy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy
D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu
ýylyň alty aýynda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi.
Hususan-da, 38 milliard 991,4 million kub metr tebigy gaz, 4 million 91,5 müň
tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel
ýangyjynyň öndürilişi 5,1 göterim, benziniň öndürilişi 2,8 göterim, mazudyň
öndürilişi 13,6 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 9,2 göterim, sementiň
öndürilişi 50 göterim, armaturyň, demir önümleriniň dürli görnüşleriniň
öndürilişi 58,4 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 6 göterim, şöhlat
önümleriniň öndürilişi 8,6 göterim, mesge ýagynyň öndürilişi 3,8 göterim,
mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň öndürilişi 1,3 göterim artdy. Hasabat
döwründe nah ýüplükleriň möçberi 22,6 göterim we nah matalaryň möçberi 27,3
göterim artdy.
Ulag we aragatnaşyk ulgamynda hem oňyn görkezijiler
gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň 0,6 göterim we
ýolagçy dolanyşygynyň 3,2 göterim artmagy munuň subutnamasydyr. Aragatnaşyk
hyzmatlarynyň möçberi 20,7 göterim artdy.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda şu ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynda öndürilen gök önümler, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 15,1 göterim, miwe we ir-iýmişler 2,7 göterim, ýeralma 3,8
göterim, süýt 2 göterim, diri agramdaky etiň öndürilişi 8,9 göterim ýokarlandy.
Şu ýylyň 6 aýynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn
görkezijiler gazanyldy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy
halkara standartlara laýyk gelýän statistiki usulyýet esasynda statistiki
hasabatlylygy we maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça
geçirilýän işler barada hem hasabat berdi.
Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2025-nji ýylyň
ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklary tarapyndan
hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi 19 göterim artdy. Şunuň bilen bir
hatarda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehnikalary we enjamlary satyn
almak üçin berlen karz serişdeleriniň galyndysy, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 26,9 göterim artdy.
2025-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna, Türkmenistanyň
Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde
hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin
berlen ipoteka karzlarynyň görkezijisi 20,2 göterim artdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan
giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň, munuň üçin ministrlikler we pudak
edaralary tarapyndan kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň,
öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişini yzygiderli seljermegiň möhümdigini
belledi.
Şunuň bilen baglylykda, maliýe-ykdysady durnuklylygy
üpjün etmek üçin salgytlaryň doly hem-de wagtynda tölenmegini gazanmak, býujet serişdeleriniň
tygşytly we maksadalaýyk peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, şu ýylyň
ahyryna çenli Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek
üçin zerur çäreleri görmek, geljek ýylyň Döwlet býujetini öz wagtynda düzmegi
üpjün etmek, býujet-salgyt ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek barada
tabşyryklar berildi.
Milli ykdysadyýetiň senagat-innowasion ösüş derejesini
has-da ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini durnukly saklamaga aýratyn üns
bermek, maýa goýum syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de milli
ykdysadyýete gönükdirilýän maýa goýumlaryň maliýe çeşmelerini kämilleşdirmegi
dowam etmek, banklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkara maliýe
guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak üçin netijeli işleri
durmuşa geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda
degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini has-da ýokarlandyrmak we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa
geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen
görnüşdäki Milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de dünýä
bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer nebit we gaz kondensatyny çykarmak
ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berip,
hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň
meýilnamasynyň 110 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan
nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat
döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, dizel ýangyjyny
öndürmegiň meýilnamasy 101,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100
göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 116,8 göterim berjaý edildi.
Şeýle hem suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we
ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan
tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, tebigy gazy dünýä bazarlaryna
diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz topluma degişli kärhanalaryň
önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin ylmyň soňky gazananlaryny we innowasion
tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etmegi, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek,
nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmak, nebiti we gazy çykarmak işlerini yzygiderli
kämilleşdirmegi, uglewodorod serişdelerini we olary gaýtadan işlemekden alynýan
önümleri dünýä bazarlaryna ýerlemek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi,
nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, bäsdeşlige ukyply
we ekologik taýdan arassa önümleri öndürmegi dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan
öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,2 göterim
berjaý edildi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen
önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114 göterim
ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça bu
görkeziji 111,7 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Energetika ministrligi tarapyndan
öndürilen önümleriň, amala aşyrylan işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 109,3
göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 108
göterime barabar boldy. Ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Awtomobil
ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça 104,5
göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 112,4 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işde
goýberen düýpli kemçilikleri üçin D.Sapbaýewi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmegi konserniň
başlygynyň orunbasary T.Ataýewiň üstüne ýükleýändigini aýtdy we degişli
resminamalara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat toplumynyň
kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmek boýunça zerur çäreleri görmegiň,
gurluşyk senagatynyň önümleriniň görnüşini hem-de möçberini yzygiderli
artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Hereket edýän önümçilikleriň durkuny täzelemäge, täze
kärhanalary gurmaga gönükdirilen işleri dowam etmek, himiýa kärhanalaryny doly
kuwwatynda işletmek we täze önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan
işleri güýçlendirmek, şeýle hem mineral dökünleri talabalaýyk saklamak üçin
täze, döwrebap ammarlary gurmak boýunça, elektrik energiýasynyň öndürilişini
artdyrmak, täze elektrik beketlerini gurmak, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän
energiýa çeşmeleriniň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek,
awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň dünýä standartlaryna gabat
gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek zerurdyr
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu
ýylyň ahyryna çenli açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň bellenen
möhletde, ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 115,9 göterime, öndürilen önümleriň
ösüş depgini 100,3 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça
önüm öndürmegiň ösüş depgini 106,8 göterim üpjün edildi, şol sanda, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 125,1 göterime, nah
matalaryňky 130,2 göterime, gön önümleriniňki 124,4 göterime deň boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,4
göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy
tarapyndan 146 birža söwdasy geçirilip, olarda 14 müň 323 şertnama hasaba
alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini
106,8 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu
ýylyň alty aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,5
göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105,7 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda we
daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine N.Agahanowy belläp, ony
ministriň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we
degişli resminama gol çekdi.
Wezipä täze bellenen N.Agahanow özüne bildirilen
ýokary ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip,
ministrligiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin
gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza we
Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde
rowaçlyklary arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz toplumyň ýolbaşçylaryna
ýüzlenip, söwda ulgamynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, içerki
bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň,
söwda hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Dokma önümleriniň hilini we möçberini artdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri
görmek, sanly ulgam arkaly dokma, haly we haly önümleriniň söwdalaryny hem
guramak, bäsdeşlige ukyply we eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmäge
niýetlenen täze döwrebap önümçilikleri döretmekde hususy ulgamyň
mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere Döwlet
haryt-çig mal biržasynyň hem-de Söwda-senagat edarasynyň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmegi, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin dünýäniň ösen
ýurtlarynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tejribesini ornaşdyrmagy dowam
etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň
şanly 30 ýyllygy hem-de milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar
we şanly seneler mynasybetli dürli dabaralar geçirildi. Yglan edilen
döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiziň
“Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
geçirildi.
Hasabat döwründe dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda
yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Aşgabat we Arkadag şäherleri
hem-de welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlary, “Parahatçylyk sazy, dostluk,
doganlyk sazy” atly aýdym-saz festiwaly, “Parahatçylyk sazy” atly halkara
festiwal, “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwaly
guramaçylykly geçirildi. Şeýle hem Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi, şu
ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen
Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy
guraldy. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri daşary ýurtlarda
iş saparlarynda boldular.
Şeýle hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmen döwlet
neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat
berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, milli medeni mirasymyzy, edebi gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmek we
kämilleşdirmek, şeýle hem halkymyzyň gadymy mirasyny wagyz etmek boýunça
maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň, kitaphana we muzeý işini ösdürmekde
häzirki zaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanmagyň, çagalar sungat we
çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramagyň hem-de kämilleşdirip
durmagyň, döwrebap we many-mazmunly täze çeper, dokumental filmleri yzygiderli
surata düşürmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz taryhy we medeni ýadygärlikleri
rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak üçin netijeli işleri alyp barmagyň,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmagyň,
döredijilik bäsleşiklerini, häzirki zaman sergilerini, folklor, aýdym-saz
toparlarynyň çykyşlaryny hem yzygiderli geçirmegiň, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň
34 ýyllyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda
alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary
giňden ulanyldy, okuw-usuly toplumlar taýýarlanyldy. Okuwçylar hem-de talyp
ýaşlar halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 748 sany medal gazandylar.
Şu ýylyň alty aýynda ylym ulgamyny kämilleşdirmek,
ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrundaky işler dowam etdirildi.
Ylymlar güni mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat, şeýle
hem ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak
dabarasy geçirildi.
Hasabat döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň
öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler
amala aşyryldy. Saglygy goraýyş boýunça XII türkmen-german forumy, BMG-niň
Çagalar gaznasy bilen bilelikde Immunizasiýa hepdeligi, Daniýa Patyşalygynyň
Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti
boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi. Bedenterbiýäni we sporty
ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Paýtagtymyzda sportuň milli
we guşakly alyş göreşi, küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda
halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri
halkara ýaryşlara gatnaşyp, 466 sany medal gazandylar.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz 2025-nji
ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny,
ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet
toparynyň düzümini, şeýle hem 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň
meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekip, okuwa girmäge isleg
bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, täze
okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmegiň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde
abatlaýyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi. Şu ýyl Halkara senagatçylar
we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň täze goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilmegi täze hünärleri
girizmäge we okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanyny artdyrmaga ýardam berer diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, bu ugurdaky işleri
talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy. Ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp
ýaşlary kabul etmeli, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirmeli, jemgyýetçilik
gözegçiligini ýola goýmaly diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şeýle hem ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek, ylym
bilen önümçiligi utgaşdyrmak arkaly önümçilik pudaklaryny ylmy esasda ösdürmek,
bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, saglygy goraýyş ulgamynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny innowasion tehnologiýalar esasynda pugtalandyrmak
boýunça işleri yzygiderli alyp barmak, sanly saglygy goraýyş ulgamynyň kömegi
bilen döwrebap hyzmatlary ýola goýmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen
meşgullanmaga giňden çekmek we halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça
netijeli işleri geçirmek, sportuň Olimpiýa görnüşlerini ösdürmäge hem aýratyn
üns bermek tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän
düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada
hasabat berdi.
Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen
işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,7 göterime deň boldy.
Şu ýylyň birinji ýarymynda awtomobil, demir ýol, howa,
deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 102,6 göterim, ýolagçy
gatnatmagyň meýilnamasy 102,1 göterim berjaý edildi. “Türkmendemirýollary”
agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,5 göterime,
“Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,3 göterime barabar boldy.
“Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 121,5 göterim ýerine
ýetirildi. Bu görkeziji “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 114,4
göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 120,7 göterime barabar boldy.
“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine
ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, “Awaza”
milli syýahatçylyk zolagynda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 4G+
tehnologiýasy, şeýle hem Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasy işe girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk
toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny,
häzirki döwürde bu toplumy ösdürmek we onuň işini kämilleşdirmek boýunça
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we
aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da
kämilleşdirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada
karara gelendigini aýtdy.
Ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini
kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi,
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary
ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we
derýa ulaglary döwlet gullugy döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we
täze ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň
ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini mundan beýläk-de
döwrebaplaşdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary
wezipesine 6 aý synag möhleti bilen M.Çakyýewi belledi.
Wise-premýer özüne ynanylan wezipede yhlasyny
gaýgyrman işlejekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman
Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
demir ýol ulaglary ministri wezipesine M.Akmämmedowy belledi.
Ministr bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip,
täze wezipede tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, döwlet ähmiýetli
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz aragatnaşyk ministri wezipesine 6
aý synag möhleti bilen H.Hudaýgulyýewi belledi.
Hormatly Prezidentimiz awtomobil ulaglary ministri
wezipesine B.Annadurdyýewi belledi.
B.Annadurdyýew bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip,
täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli bilimini, güýç-gaýratyny
gaýgyrmajakdygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza
berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenhowaýollary” döwlet
gullugynyň başlygy wezipesine D.Saburowy belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Deňiz we derýa
ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine A.Şanazarowy belledi.
Ol bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, bu wezipede ähli bilim-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de
hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür
hem-de eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp
barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli
resminamalara gol çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Çakyýewe
ýüzlenip, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we
bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak, demir ýollaryň
durkuny täzelemek, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegiň, halkara awtomobil ýollary bilen
ýük daşamagy we üstaşyr gatnawlary ösdürmegi dowam etdirmegiň, howa
menzilleriniň durkuny täzelemegiň, uçarlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň
yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň, ykdysady taýdan amatly ugurlar boýunça täze
içerki we halkara howa gatnawlaryny açmaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyna
ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyny doly kuwwatynda
işletmek, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä
döwrebaplaşdyryp durmak, bu ugurda täze hyzmatlary yzygiderli ýola goýmak
babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş
etdiler.
Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow şu ýylyň ýanwar —
iýun aýlarynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan
bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara
daşamak, ýerleşdirmek we talabalaýyk saklamak, şeýle hem bugdaý oragyndan boşan
meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri geçirilýär. Bu
işler bilen bir hatarda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja
ekinleriniň hasylyny ýygnamak we ilata ýetirmek, şeýle hem bu ekinleriň güýzki
ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynyň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu ýylyň
birinji ýarymynda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýygnalan bugdaý
hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň
hasyly üçin galla oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny we
bugdaý tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Welaýatyň gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we
ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda,
ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de
bu ekinleriň güýz möwsümindäki ekişine taýýarlyk görmek işleri dowam
etdirilýär.
Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew şu ýylyň
alty aýynda welaýatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly
üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatda galla oragyndan
boşan ýerleri sürmek, şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we
bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş
suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň şaly ekilen
meýdanlarynda ideg etmek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam
edýär. Şunuň bilen bir hatarda, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we
beýleki gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça öňde
goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda bu ekinleriň hasylyny ýygnap almak
işleri dowam edýär. Şeýle hem bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek
meýdanlarynda sürüm hem-de tekizleýiş işleri geçirilýär.
Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine
ýetirilişi barada hasabat berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda
2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýygnalan
bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara
daşamak, ýerleşdirmek hem-de talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler
geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni
tutmak üçin ýerleri sürmek we mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary
doly güýjünde işledilýär. Welaýatda ýetişdirilen ýeralma we gök-bakja
ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Bu
işler bilen bir hatarda, şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda, ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda,
şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz M.Annanepesowy Lebap welaýatynyň
häkimi wezipesinden boşadyp, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy
D.Genjiýewi şol bir wagtda Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine belledi we
degişli resminamalara gol çekdi.
D.Genjiýew bildirilen ýokary ynam üçin döwlet
Baştutanymyza hoşallyk bildirip, bu wezipede gujur-gaýratyny gaýgyrman
işlejekdigine ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza
berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw
etdi.
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow şu ýylyň ýanwar —
iýun aýlarynda welaýatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda
ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we
ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny
hem-de ýokary hilli bugdaý tohumyny geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine
taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda
hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýeralmanyň we
gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümleri içerki bazarlarymyzda
ilata ýetirmek, şeýle hem güýz möwsüminde oba hojalyk ekinleriniň ekiljek
meýdanlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bu işler
bilen bir hatarda, welaýatda gant şugundyrynyň ekişini talabalaýyk geçirmek
üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak,
gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz B.Orazowy Mary welaýatynyň
häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä D.Annaberdiýewi bellemek barada karara
gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
D.Annaberdiýew bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip,
täze wezipede netijeli işlemek üçin ähli bilimini, ukyp-başarnygyny
gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize we Gahryman
Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewe söz berildi.
Ol hasabatyny ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1
million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilip, bu ugurda bellenen
meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habardan başlady.
Wise-premýer oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek babatda berýän
hemaýat-goldawlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk
bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak
ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.
Soňra wise-premýer gözegçilik edýän toplumynda şu
ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem
ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat
berdi.
Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça
önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,3
göterime barabar boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100
göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,5 göterime, Suw
hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 138,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet
konserni boýunça 124 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça
108,2 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, Azyk
senagaty döwlet birleşigi boýunça 104,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk
senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,2 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet
birleşigi boýunça 100,8 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini
özleşdirmegiň meýilnamasy 278,2 göterim ýerine ýetirildi.
Oba hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň
çäklerinde häzirki wagtda ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş
nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak, talabalaýyk ýerleşdirmek we
saklamak, şeýle hem geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary, oba
hojalyk tehnikalaryny, ýokary hilli bugdaý tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak
boýunça degişli işler geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek
hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz we Lebap
welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle
hem gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek
hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler
geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak
maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş we şor suw akabalaryny
arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer T.Atahallyýewe, oba
hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag
şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022
— 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny, şeýle hem
Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.
Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş
meýilnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmak, welaýatlarda we
şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň we beýleki durmuş maksatly
binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmek, şäherleriň
binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ilaty arassa
agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça işleri
netijeli dowam etdirmek, arassaçylygy berjaý etmek we abatlaýyş işlerini
wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmek, ýerli býujetiň doly we talabalaýyk
ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, salgytlaryň we ýerli ýygymlaryň gelip
gowuşmagyny gazanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Welaýatlarda oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny
ýetişdirmek üçin ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegiň, oba
hojalyk önümleriniň, hususan-da, gallanyň we gowaçanyň hasylyny artdyrmak üçin
guramaçylyk we usuly işleri güýçlendirmegiň, ýokary hilli tohumlyk bugdaý bilen
üpjün etmegiň, öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak, hilini
ýokarlandyrmak hem-de azyk senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz
ilaty un, çörek we çörek önümleri bilen üpjün etmegi üns merkezinde saklamagy
tabşyrdy.
Mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak hem-de bu
ugurda dünýäniň öňdebaryjy usullaryny ulanmak boýunça alnyp barylýan işleri
güýçlendirmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsümleýin alnyp
barylýan oba hojalyk işlerinde netijeli ulanmagy berk gözegçilikde saklamagyň,
pagta arassalaýjy kärhanalarda pagtany gaýtadan işlemek hem-de dokma
kärhanalaryny ýokary hilli pagta önümleri bilen üpjün etmegi üns merkezinde
saklamagyň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem suw serişdelerini rejeli we tygşytly
peýdalanmagy berk gözegçilikde saklamak, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça
netijeli işleri geçirmek, ýer kadastryny döretmek işlerini hemişe üns
merkezinde saklamak, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik abadançylygy üpjün
etmek hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, atçylyk pudagyny ösdürmek,
ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri
netijeli dowam etdirmek babatda anyk tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip,
ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň ýygnalandygyny, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan
harmanyna ýokary hilli bugdaý tabşyryp, guwandyryjy netijeleri gazanandygyny
kanagatlanma bilen belledi.
“Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň,
berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir!” diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz galla hasylyny ýetişdirmekde
we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan öňündäki şertnamalaýyn
borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren ussat gallaçy babadaýhanlarymyzy tüýs
ýürekden gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ministrligiň
alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn görnüşde dostlukly hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilen daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär. Döwlet
Baştutanymyzyň bu ugurda beren tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini ýerine
ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda degişli işler
geçirildi.
Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz «Merkezi
Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady
bilen, Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, «Merkezi Aziýa —
Italiýa» birinji sammitine we «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin
Gazagystan Respublikasyna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, şeýle hem Mongoliýa
döwlet saparyny amala aşyrdy.
Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Monako
Knýazlygyna sapary, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we
Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparlary, Fransiýa Respublikasyna resmi
sapary hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala
aşyrdy.
Şu ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministri
Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
Abraýly sebit we halkara düzümler bilen netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň
hatarynda kesgitlenildi. Şu ýylyň birinji ýarymynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň, Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretarlary, Bütindünýä bankynyň
Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti, Aziýa ösüş bankynyň Günorta,
Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti we beýlekiler Türkmenistanda
saparda boldular.
Hasabat döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň
Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala
aşyran saparlary özara gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 336-sy geçirildi. Şeýle hem
Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde
resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 1495-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri
ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti 97
resminama bilen ýetirildi.
Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar
hem yzygiderli häsiýete eýedir. Hasabat döwründe daşary işler ministrlikleriniň
arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Şeýle hem Ýewropa
Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili —
Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça
Ýewropa komissary bilen duşuşyklar geçirildi.
Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary
pugtalandyrmak we giňeltmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Munuň özi
Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup
durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty
diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen,
ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýä döwletleri bilen
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim
ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmegiň, halkara guramalar bilen
netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň
zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we
şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzda
guralýan halkara çäreleri ýokary derejede geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýun
aýlarynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada maglumat
berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 13-si,
şol sanda «Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek
hakynda», «Kazyýet hakynda», «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda», «Ýük
markalary hakynda halkara Konwensiýa degişli Teswirnama goşulmak hakynda»
Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, jenaýat, arbitraž,
raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý
medaly, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler
edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän Kanunlara degişli
üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň
11-si kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň diňleýjileri üçin Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda kanun
çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary
guraldy. Şunuň bilen bir hatarda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul
edildi. Şeýle hem Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň we halkara
guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 32-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary
we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça
ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran
okuw maslahatlarynyň 62-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady
bilen, milli parlamentiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 21-si
amala aşyryldy.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30
ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny
taýýarlamak barada beren tabşyrygyna laýyklykda, Mejlisde degişli işleriň
geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny,
hemişelik Bitaraplygyny hem-de halkara parahatçylygy we ynanyşmagy
pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda gazanan
üstünliklerine mynasyp goşant goşan adamlary sylaglamak maksady bilen,
Türkmenistanyň Mejlisinde “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly
Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň
taslamasynyň taýýarlanylandygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly
30 ýyllygyny ähli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak bilen, uly dabaralara
besläp, halkara derejede giňden belläp geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
Halkara Bitaraplyk gününi has-da dabaralandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygyna ýüzlenip,
hasabat döwründe döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek boýunça
işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 13-siniň kabul edilendigini,
şeýle hem birnäçe Kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk binýadyny
berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini görkezýändigini belledi.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3
göterime deň boldy. “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe
ýurdumyzda 17 milliard 829 million manat düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Bu
bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim köpdür
diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we
etraplarynda meýdany 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary
ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we
beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar.
Geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly
ösdürildi. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze
kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy. Ykdysady we maliýe
durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur
işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly
tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň
başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy
esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan
edilmeginiň möhüm waka bolandygyny belledi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýurdumyzyň
hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň aýratyn uly
manysy bar, şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm
halkara çäreler meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek
üçin düýpli taýýarlyk görmegiň, şeýle hem döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk
baýramlaryny örän ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk
baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky
mejlisini hem dabaraly ýagdaýda geçireris. Mejlisde berkarar döwletimiziň
ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris. Şeýle
hem öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň
Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn
dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli taýýarlyk görüp başlamaly
diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu ýokary wekilçilikli edaranyň
nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini kesgitlemek hem-de
ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini
tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Bu guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda
ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan,
il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen
sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de
resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmäge möhüm ähmiýet bermelidir, şeýle
hem geçiriljek bu guramaçylyk işleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahaty
hem-de Türkmenistanyň Mejlisi degişli işleri alyp barmalydyr diýip, hormatly
Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň
ýurdumyz boýunça, umuman, gowy bolandygyny belläp, ähli ministrlikleriň we
pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda ýerine ýetirilen işleriň
jemleri boýunça 12-nji iýulda maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz 1-nji awgustdan başlap, oba
hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki
ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýändigini aýdyp, olaryň ýurdumyzyň
şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp
biljekdigini belledi.
Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda halkara maslahatyň geçirilýändigi bilen bagly ähli ýolbaşçylar guramaçylyk
işlerine hem gatnaşarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip,
olaryň ählisiniň 13-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisine
gatnaşjakdygyny aýtdy. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek bilen
bagly soraglara serediler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu halkara maslahaty
ýokary derejede geçirmek boýunça kabul edilen Karardan ugur alyp, her kimiň
jogapkär ugry boýunça degişli işleri alyp barmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap
ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjak bu halkara maslahatyň Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyna berk ynam bildirdi. “Biz
alyp barýan adyl «Açyk gapylar» we Bitaraplyk syýasatymyzy mundan beýläk hem
dowam ederis” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.