milli goshun logo
Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi
Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi
08.04.2024 215 Sport

Düýn – 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.

Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasyndan badalga alýan welosipedli ýörişe gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan we umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, jemgyýetçilik wekilleri ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň yzysüre hemmeler ak mermerli paýtagtymyzyň giň we ajaýyp şaýollary bilen sazlaşykly herekete başladylar. Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden we sport taýýarlygyny görkezdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýola goýlan asylly däpleri dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolýar.

Şeýlelikde, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.