milli goshun logo
Türkmen Önüm öndürijileriniň we telekeçileriniň maslahaty
Türkmen Önüm öndürijileriniň we telekeçileriniň maslahaty
09.04.2021 1415 Habarlar

8-nji aprelde «Türkmendemirýollary» agentliginiň edara binasynda maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň önüm öndürijileridir telekeçileri, ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Forumyň dowamynda ulag hem-de kommunikasiýa toplumynyň hünärmenleri ätiýaçlyk şaýlaryň we serişdeleriň görnüşleri hem-de möçberleri, ulag hyzmatlary hakynda maglumatlar bilen tanyşdyrdylar. Habar berlişi ýaly, olary öndürmek üçin ýurdumyzda zerur bolan enjamlar bar. Muňa garamazdan, degişli toplumyň kärhanalarynyň önümçilik hajatlary üçin zerur serişdeleriň hem-de ätiýaçlyk şaýlaryň uly möçberi daşary ýurtlardan satyn alynýar.

Şunuň bilen baglylykda, teplowozlary, ýük we ýolagçy wagonlary, demir ýollary üçin ätiýaçlyk şaýlary özümizde öndürmegiň zerurdygy hakyndaky tekliplere garaldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, «Türkmendemirýollary» agentliginiň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, işiň innowasion usullaryny ornaşdyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.