milli goshun logo
Täze neşir – baky Bitaraplygymyza toý sowgady
Täze neşir – baky Bitaraplygymyza toý sowgady
06.12.2020 1512 Harby özgertmeler

Ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimize pugta uýýan halkymyz toýa sowgatly barmak däbini döwletliligiň nyşany hasaplaýar. Ine, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly täze kitaby ýetip gelen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna ajaýyp toý sowgady boldy. Täze kitap bagtyýarlyga beslenip ýaşaýan halkymyz, aýratyn-da, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy gözüniň göreji deýin ezizleýän Watan goragçylarymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Baky Bitaraplygymyzyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, harby gullukçylary we işgärleri, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, täze neşir baky Bitaraplygymyza degişli baý maglumatlara eýe bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň milli kökleri, taryhy ähmiýeti barada giňişleýin beýan edilýär. Kitabyň adynyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylymyzyň ady bilen baglanyşmagy aýratyn bellemäge mynasypdyr.

Dabarada baky Bitaraplygymyza bagyşlanan gymmatly kitabyň harby gullukçylarymyz üçin ähmiýetiniň has uludygy hakda täsirli söhbetler diňlenildi. Çykyşlaryň ählisinde şeýle kitaplary yzygiderli peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyşlar aýdyldy. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Belent Serkerdebaşymyza Ýüzlenme kabul etdiler.

«Milli goşun».