23.09.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Täze möwsüm – täze gadamlar
Täze möwsüm – täze gadamlar
01.09.2021 243 Harby Durmuş | Harby Bilim

1-nji sentýabr – bu gün ynsanyň kämillik derejesini kesgitleýän ylym-bilim hazynasynyň täze tapgyryna barýan ýoluň başlangyjy. Şeýle ajaýyp günde synaglardan üstünlikli geçip, ençeme deň-duşlaryndan saýlanyp, harby okuwçy, harby talyp bolmak bagtyna eýe bolanlaryň begençleri goşa-goşadan. Olar harby bilim aljagyna, arzuwlan harby lybasyny geýjegine guş bolup uçaýsam diýýärler.

Täze okuw möwsüminde harby bilim ojaklaryna mukaddes Watan goragyna ykbalyny baglan ýaşlaryň ýene-de ençemesi kabul edildi. 2021 – 2022-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda dabara geçirildi. Dabara çuň many-mazmuna we ýokary ruhubelentlige beslendi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy Watan goragçylarynyň buýsançlaryny goşalandyrdy. Şeýle dabaralar Harby-deňiz institutynda, Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde hem geçirildi.

Güýz. Sentýabr. Ýene-de bir täze okuw ýyly. Täze okuw ýyly – täze üstünlikleriň badalgasy. Durky bilen üstünlige beslenen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň bereketli altyn güýzüniň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabaralary «harby talyp», «harby okuwçy» adyna eýe bolan nesilleriň ýürek joşgunlary bilen utgaşyp, özboluşly sazlaşyk emele getirýär. Olar harby bilim ojaklarynda mert, gaýduwsyz, edermen, watansöýüji merdi-merdanalaryň kemala gelýändigini geljekki serkerdelik ýolunda subut ederler.

«Milli goşun».