milli goshun logo
Nobatdaky harby atlar dakyldy
Nobatdaky harby atlar dakyldy
27.01.2021 3122 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlary hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde bitiren hyzmatlary üçin harby gullukçylarymyzyň birnäçesine nobatdaky harby atlar dakyldy.

Baýramçylyk çäresi harby däp-dessurlaryň berjaý edilmegi bilen geçirildi. Harby gullukçylary harby atlar bilen sylaglamak dabarasy ýurdumyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda merdana Watan goragçylary hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy boldy. Dabaranyň ahyrynda nobatdaky harby atlaryň eýeleri bolan harby gullukçylar mähriban halkymyza, eziz Watanymyza ak ýürekden wepaly gulluk etjekdikleri barada dabaraly kasam kabul etdiler.

«Milli goşun».