milli goshun logo
Mert pederlerimize ruhy tagzym
Mert pederlerimize ruhy tagzym
27.01.2021 1807 Harby özgertmeler

Ýurdumyzda ýylyň ilkinji aýynda bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Asylly däbe eýerilip, baýramçylyk gününiň säheri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ýerleşýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň baky ýadygärligine, şeýle hem «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ter gül desselerini goýmak dabarasy bilen başlandy.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, serkerdeler, harby talyplar, harby okuwçylardyr esgerler Watanyň wepaly ogullarynyň, ýurt goran merdana gerçekleriň hatyrasyna gül çemenlerini goýdular, Watany janyndan ileri goýan merdana pederlerimiziň, milletiň ogullarynyň öňünde baş egip, ruhy tagzym etdiler. Munuň özi ata Watany gözüniň göreji deý gorap, watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen ata-babalarymyza bolan çäksiz hormatyň nyşanyna öwrüldi.

«Milli goşun».