22.04.2024 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Merdana gerçekleri ruhlandyran baýramçylyk konserti
Merdana gerçekleri ruhlandyran baýramçylyk konserti
27.01.2024 346 Habarlar

Şu gün Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaralar bilen utgaşyp, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde baýramçylyk konserti guraldy. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümleri, serkerdeler, borçnama we çagyryş boýunça harby gullukçylar, harby talyplardyr okuwçylar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň serkerdeleriniň we harby talyplarynyň, Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň aýdymçylarynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň ýerine ýetiren aýdymlary gatnaşanlarda watançylyk duýgusyny oýardy. Söz ussatlarynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlary gaýratly Watan goragçylarymyz ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konsertiň dowamynda belentden ýaňlanan täze aýdym-sazlar, täze mukamlar harby gullukçylaryň ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Watan goragçylarynyň gününi ýatda galyjy pursatlara beslän baýramçylyk konsertiniň ahyrynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde ýerine ýetiren aýdymy hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşly sözleriň beýanyna öwrüldi.