16.10.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
07.10.2021 54 Habarlar

6-njy oktýabrda Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatladylar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen hatyra çäresi gadymy türkmen topragynda beýik pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň ýene bir aýdyň nyşany boldy. Bu gün halkymyzyň ýokary ruhubelentligi, erkin, rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda asuda ýaşamak we zähmet çekmek üçin nesilleriň hakydasynyň arabaglanyşygynyň ähmiýetine has-da gowy göz ýetirýärsiň.