23.09.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«Her gymmatly eseriňiz, zamanaň bagty, Arkadag!»
«Her gymmatly eseriňiz, zamanaň bagty, Arkadag!»
11.05.2021 522 Harby Durmuş

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýiti zehininden çykan «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, harby gullukçylary we işgärleri, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda harby gullukçylar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ýüregi hasaplanýan Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan eseriň çapdan çykmagy mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Dabaranyň dowamynda harby aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryna-da orun berildi. Aýdymçylaryň ählisi şirinden-şirin aýdymlaryň üsti bilen paýtagtymyzyň waspyny belentden ýetirdi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine, ussat kompozitor Omar Igamowyň sazyna döredilen «Her gymmatly eseriňiz, zamanaň bagty, Arkadag!» atly jemleýji aýdym bolsa, ýüreklerden çykan ak alkyşlaryň ýaňyna öwrüldi. Ony çärä gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde ýerine ýetirdiler.

Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň uludan toýlanylýan günlerinde mähriban halkymyza we ýurdumyzyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümine bahasyna ýetip bolmajak şeýle ajaýyp kitaby döredijilik sowgady hökmünde berendigi üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Belent Serkerdebaşymyza Ýüzlenme kabul etdiler.

Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».