milli goshun logo
Harby türgenler baýramçylygy uly üstünlikler bilen garşyladylar
Harby türgenler baýramçylygy uly üstünlikler bilen garşyladylar
11.12.2020 1678 Harby özgertmeler

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň arasynda giň gerimde geçirilen köpçülikleýin sport ýaryşlarynyň jemleri jemlendi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hаrby institutynyň sport binasynda sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Belli bolşy ýaly, sport ýaryşlarynda oýunlar harby we hukuk goraýjy edaralarymyzyň harby gullukçylaryndan we işgärlerinden düzülen jemi 9 toparyň arasynda boldy. Oýunlar sportuň basketbol, stoluň üsünde oýnalýan tennis, uly tennis, gysga aralyga ylgaw, uzak aralyga ylgaw, estafeta ylgawy, kiçi futbol, woleýbol we küşt görnüşleri boýunça guraldy. Dabarada sport ýaryşlaryň netijeleri boýunça ýeňiji bolan türgenlere, ýygyndy toparlara degişlilikde altyn, kümüş, bürünç medallary, gymmatbahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Sport çäreleri baky Bitaraplygymyzy dabaralandyrdy, şanly senäni ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik döretdi. Ýaryşlara gatnaşan harby türgenler özleriniň sport tejribesini, ussatlygyny nobatdaky gezek äşgär etdiler. Bu çäreler dürli sport görnüşleri bilen işjeň meşgullanýan hem-de halkara giňişliginde Türkmenistanyň sport abraýyny belende galdyrjak edermen Watan goragçylarymyzyň has-da kämilleşmegine ýardam etdi.

«Milli goşun».