06.05.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ermenistanyň we Türkmenistanyň oba hojalyk boýunça ýokary okuw jaýlarynyň bilelikdäki onlaýn-dersleri dowam etdirildi
Ermenistanyň we Türkmenistanyň oba hojalyk boýunça ýokary okuw jaýlarynyň bilelikdäki onlaýn-dersleri dowam etdirildi
09.04.2021 106 Habarlar

Тürkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň arasyndaky Ylalaşygуň çäklerinde bu iki ýokary okuw jaýynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň nobatdaky onlaýn-duşuşygy geçirildi.

TOHU-nyň ekerançylyk kafedrasynyň uly mugallymy Çarygeldi Babanyýazow Ermenistanyň agrar okuw jaýynyň talyplary üçin Türkmenistanda bakja ekinleriniň çakyşdyrylyşy barada sapak berdi. Sapagyň barşynda gowaçany görnüşara we bir görnüşiň içinde çakyşdyrmak usullaryna garaldy.

Sapaklar tamamlananda iki ýurduň hem oba hojalyk boýunça ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary bilelikdäki wideo okuwlaryň tapgyry üçin ony gurnaýjylara minnetdarlyk bildirdiler we şeýle çäreleriň mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmäge we ýokary hünärli talyplary taýýarlamaga gönükdirilendigini aýratyn belläp geçdiler.