Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany»
ýylynda harby talyp ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň gözýetimli bolmagyna ähli
amatly şertler döredilýär. Milli Ýaragly Güýçlerimiziň düzüminde gulluk etjek
harby lukmanlaryň taýýarlanyp başlanmagy, lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi,
okatmagyň täze usullaryna geçilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen harby
okuw jaýlary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, sport toplumlary – bularyň ählisi
biziň sagdyn, ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin
gönükdirilendir.
«Aşgabat
şäheriniň güni» we «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň harby talyplarynyň gatnaşmaklarynda
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Döwletli
döwran hakda köňül söhbedi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmät
Garlyýew, Türkmenistanyň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby
institutynyň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Hydyrguly Wohanow hem-de
Harby-lukmançylyk fakultetiniň 3-nji ýyl harby talyby Goçakberdi Goçakow dagylar
çykyş etdiler.
Olar
öz çykyşlarynda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly
ýolbaşçylygynda ösüp gelýän ýaş nesliň
sowatly, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin bu günki
gün ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Soňra
döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar öz döredijilikleri bilen içgin tanyşdyryp,
harby talyplaryň öňünde şygyr okadylar hem-de harby talyplary gyzyklandyrýan
soraglara jogap berdiler.
Nurýagdy AKMÄMMEDOW, maýor.