11.04.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
01.04.2021 98 Habarlar

31-nji martda Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasy we iki ýurduň diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan ýörite okuw maslahaty oba hojalyk pudagynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyna bagyşlandy.

Türkmen tarapyndan onlaýn okuw maslahatyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri hem-de hususy telekeçiler — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

***

Şeýle-de şol gün Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň resmi wekilleri we işewür toparlary bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek baradaky meseleler girizildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan DIM-niň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, eýran tarapyndan döwlet düzümleriniň, birnäçe esasy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.