milli goshun logo
BILIMLI HÜNÄRMENLER – ÝAGTY GELJEGIŇ KEPILI
BILIMLI HÜNÄRMENLER – ÝAGTY GELJEGIŇ KEPILI
21.08.2022 3563 Harby Bilim

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa toplumyň okuw otagyna bardylar. Bu ýerde müdiriýetiň ýolbaşçysy interaktiw tagtanyň kömegi arkaly harby gullukçylar bilen baglara ideg etmegiň aýratynlyklary, olaryň suwarylyşy we miweli baglary sapmak usullary bilen baglanyşykly okuw sapaklarynyň geçirilýändigi barada aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy dürli künjeklerde, boş meýdanlarda bagçylygy hem-de üzümçiligi, gök ekerançylygy ösdürmek işleriniň netijeli ýerine ýetirilmeginiň önüm bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ekologiýa taýdan sagdyn daşky gurşawy döretmekde aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdiler.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Mejlisiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmegiň, maldarçylygy hem-de guşçulygy ösdürmegiň ykdysady taýdan bähbitlidigini aýdyp, bu işleriň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ýaş esgerlerde zähmete bolan söýgini terbiýelemekde-de zerurdygyny bellediler.