milli goshun logo
Beýik şahsyýeti hormatlap
Beýik şahsyýeti hormatlap
27.01.2023 2623 Harby özgertmeler

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda giň gerimli çäreler dabaralandyryldy. Şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, serkerdeler, harby talyplar we okuwçylar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhammet Annaýewiň heýkeline buýsanç bilen tagzym edip, gül desselerini goýdular. Merdana pederlerimiziň amala aşyran beýik işlerini mynasyp derejede dowam etdirmegi özlerine mukaddes borç hasaplaýan harby gullukçylar Berdimuhammet Annaýewiň edermenliklerinden nusga alýarlar. Berdimuhammet Annaýewiň halkyň öňünde bitiren hyzmatlary, asylly häsiýetleri, Watany goramakda, il-halka hyzmat etmekde nusgalyk göreldesi her bir Watan goragçysynda bu beýik şahsyýetiň göreldesine eýerýändigi üçin çäksiz buýsanç döredýär.

Taryhymyzda öçmejek yz goýan beýik şahsyýeti hormatlap, dabara gatnaşyjylar mundan beýläk hem geljekde mähriban halkymyzyň asuda-parahat ýaşaýşyny üpjün etmekde güýç-kuwwatlaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýdyp, Watana gulluk etmäge uly  mümkinçilikleri  döredip berýän Hormatly belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.